Grim sungaty


Grim sungaty



Sungat barada söz açylanda, şahyryň aşakdaky goşgy setirleri ýadyma düşýär.

Sungat diýmek näme? Bilýärmisiňiz?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz — özümiziň zergärimiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli.
Artykmaçlyk — duşmanydyr sungatyň,
Tygşytly bolanda, beýikdir nama.
Men pikirimi bir söz bilen aýdýarkam,
Ol ýerde üç sözüň geregi näme!

Sungat ýaly gyzykly, şol sanda gözellige bendi ediji başga zat ýokmyka diýýärin. Milli medeniýetimiziň bir ülşüni düzýän grim sungaty gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýar. Onuň döreýşi barada anyk maglumatlar ýok. Taryhy çeşmelerde bellenilişine görä, ilkidurmuş ýaşaýyş döwründe hem adamlar öz ýüzlerini dürli reňkler bilen bezäpdirler.
«Grim» italýan sözi bolup, ol «ýygyrt-ýygyrtlar» diýen manyny aňladypdyr. Grim tebigy we himiki boýaglardan ybarat. Şeýle hem tebigy serişdelerden ýasama sakgal, murt, gaş, kirpikler, örüm saçlar ýasalýar. Şolaryň kömegi bilen sahna ussadynyň döredýän keşbiniň şowly çykmagy gazanylýar. Grim sungaty grimi gözlemek we tapmak hem-de onuň tehniki ýerine ýetirilişi ýaly bölümlere bölünýär. Grimçi aşakda görkezilen tertipde işi ýerine ýetirmeli:
Edebi eserleri gowy bilmeli;
Keşbi häsiýetlendirýän, bolup geçýän wakalary, döwri gowy öwrenmeli;
Keşbiň şekili kagyzyň ýüzüne geçirilmeli. Soňra taslamany akwarel reňkler bilen işläp, keşbiň görnüşini taýýarlamaly.
Ine, iş şu tertipde ýerine ýetirilende, dörediljek keşp täsirli bolýar. Dramaturgyň, režissýoryň oýny goýmakda, tomaşaçylara pikirlerini ýetirmekde grimiň ähmiýeti uludyr.
Grim artistiň özüne bolan ynamyny, höwesini, başarjaňlygyny artdyrýar. Teatr sungatynda, kino sungatynda we telewideniýede ulanylýan grimler biri-birinden tapawutlanýar. Mysal üçin, teatryň sahnasynda oýnaýan artistiň grimi tomaşaçy ony uzak aralykdan görüp, duýup biler ýaly, örän köp çalnan görnüşde bolmaly. Kinoda we telewideniýede grim inçelik bilen ýerine ýetirilmeli.
Sungatyň beýleki görnüşleri ýaly, grim sungaty hem täsirliligi bilen özüne çekijidir. Beýleki sungatlar ýaly, bu sungat hem mydama gözlegde bolmagy, öz üstüňde işlemegi talap edýär.

Gülçemen ÝEGENGYLYJOWA