Azerbaýjanly artistler «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna eserini görkezdiler


Azerbaýjanly artistler «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna eserini görkezdiler



Şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralýan «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly dowam edýär. Festiwalyň ikinji gününde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň halkara festiwala getiren «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna eseri görkezildi.

Azerbaýjanyň halk ýazyjysy Ilýas Efendiýewiň eseri esasynda Azerbaýjanyň at gazanan artisti Logman Kerimowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna eseri halkara teatr festiwalyna gatnaşan myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Durmuşy wakalary beýan edýän sahna eseri ilkinji gezek 2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda azerbaýjan halkyna görkezildi.

Sahna eserinde tomaşaça dürli ynsan ykballarynyň üçüsi hem-de şowuna bolmadyk söýgi wakalarynyň üçüsi barada gürrüň berilýär. Bir tarapdan Gasanzadeniň şatlygyny we hasratlaryny deň paýlaşan, hatyrasyny tutan we biwagt ýitiren aýalyna bolan puşmansyz söýgüsi. Beýleki tarapdan, Nazakatyň uruşda ýitiren adamsyna bolan söýgüsi, emma ikinji äri Farajdan gorkusyndan ýaňa oňa aňladyp bilmedik söýgüsi. Ahyrynda-da, Nargilanyň Gasanzade bolan tükeniksiz we jogapsyz söýgüsi. Pýesadan tapawutlylykda spektaklda jemi 4 adam oýnap, ol liriki-psihologiýa stilinde ýerine ýetirilen häzirkizaman sahna arkaly tomaşa ýetirilýär. Sahna eserinde Gasanzade, Nargila, Nazakat we Faraj atly gahrymanlar çykyş edýärler.

Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa döwlet sazly drama teatry barada belläp geçsek, bu teatr 1874-nji ýylda esaslandyrylýar. 1938-nji ýylda Şuşa oba hojalyk teatry döredildi. 1943-nji ýylda bolsa teatra Uzeýir Gajibeýliniň ady dakyldy. 1949-njy ýylda bolsa bu teatr işini bes etdi. Şuşa döwlet sazly drama teatry 1990-njy ýyldan gaýtadan dikeldildi. 1993-nji ýylyň 13-nji fewralyndan Bakuda Uzeýir Gajibeýliniň «Arşin mal alan» atly operasy bilen teatryň resmi açylyşy boldy.

Geçen ýyllaryň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa döwlet sazly drama teatry halkara derejesinde geçirilen teatr festiwallaryň birnäçesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardy.