“Yşk mekany Hindistan” sahna eseri


“Yşk mekany Hindistan” sahna eseri



Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli zamanasynda ýaşaýan bagtyýar halkymyza “Yşk mekany Hindistan” atly täze sahna eseri sahnalaşdyryldy.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň sahnalaşdyran bu täze eserinde edil durmuş hakykaty beýan edilýär. Spektaklyň baş gahrymany Bagrat Singh. Sahna eseri durmuş hakykatyndan daş düşmän çeper hakykat bilen beýan edilýär.

Eser-de Bagrat Singhiň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Hanmämmedow, Sanjeý Singhiň keşbini artist Süleýman Eminow, Rathanyň keşbini aktrisa Oguljennet Horasanlyýewa, Ýulanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Sülgün Täşliýewa, Wişnunyň keşbini artist Begli Orazmuhammedow ýerine ýetirýär.

Eseriň esasy öňe sürýän pikirleri halallyk, lebizlilik, ygrarlylyk, tutanýerlilik, men-menlikden daş durmak, adamlaň egnine, ýüregine agram salman ýaşamak bolup durýar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde eseriň terbiýeçilik ähmiýeti aýratyn bellärliklidir. Aýdylýan pikirleriň, örän wajyp durmuş sapaklarynyň ýylgyryş arkaly tomaşaça ýetirilmegi hem ýerliklidir.