“Ýaşlyk joşguny”


“Ýaşlyk joşguny”



Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Ýaşlyk joşguny” ady bilen täze sahna eseri goýuldy. Bu dramany Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, toparyň çeper ýolbaşçysy Ereş Hamraýew sahnalaşdyrdy. Sahna bezegini suratkeş Dünýägözel Durdyýewa, saz bezegini Serdar Kerimow, yşyk bezegini Myrat Batyrow ýerine ýetirdiler. Sahna eseriniň awtory, Berdi Bäşimow.

Bu eseriň esasy temasy many- mazmuny ýaş nesilde söýgä bolan garaýyş ýaşlaryň bir-birine bolan hormaty sahnada eriş argaç bolup geçýär. Spektaklda Mähri bilen Serdar, Myrat bilen Ejebaý esasy gahrymanlar bolup çykyş edýärler.

Myrat bilen Ejebaý, Serdar bilen Mähriniň arasyndaky söýgüsini Serdaryň ejesine beýan etmekde ýardamçy bolýarlar. Umuman spektaklyň ahyrynda ýaşlar öz söýýän ýarlaryna gowuşyp toý şowhuny bilen tamamlanýar. Režissýor sahnalaşdyran eserinde söýginiň adam durmuşynda uly orun tutýandygyny suratlandyrýar.

Eserde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 3-nji ýyl “Teatr sungaty” fakultetiniň “Aktýorçylyk sungaty” bölüminiň talyplary: Gurban Merdanowiç - Eziz Taýlyýew, Bibi Saparowna - Gülşat Tokaýewa, Serdar - Mekan Mollaýew, Ejebaý - Aýsenem Nazarowa, Mähri - Bibihatyja Nurmuhammedowa, Myrat - Rahym Garagulow, ýatda galyjy keşplerini döretdiler. Eseriň dili çeper, esasy gahrymanlaryň häsiýetlerini gowy suratlandyrypdyr.