Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň «Ykbal öwrümleri» atly sahna oýny


Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň «Ykbal öwrümleri» atly sahna oýny



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynyň şuglasy her bir türkmen maşgalasynada öz oňaýly täsirini ýetirýär. Maşgala bolsa, biziň bilşimiz ýaly, jemgyýetiň iň kiçijek, ýöne örän zerur öýjügidir. Eýsem, häzirki zaman türkmen maşgalasy nähili bolmaly? Onuň agzalary ylymly-bilimli, dünýägaraýşy giň, hünärli hem bagtyýar adamlardyr. Ine, Gowşutgeldi Daňatarowyň «Ykbal öwrümleri» atly sahna oýnunyň gahrymanlary hem şonuň ýaly adamlar. Eseriň içinde ýaşlyk ýyllary, ykballary dürli-dürli döwürde gabat gelen nesilleriň birnäçesiniň pikirleri çaknyşýar. Bu ýerde ýaşlygy Watançylyk urşynyň gazaply döwrüne gabat gelen nesliň wekili hem (Kişmiş daýza) ХХ asyryň 60-njy ýyllarynda kämilleşen adamlary hem (Juma, Gül), şol asyryň 80-nji ýyllarynyň talyplary hem (Jeýhun, Sähra, Maks, Maksat) we häzirki döwürde durmuşa gadam basýan, maşgala gurmakçy bolýan ýaşlar hem (Gunça, Guwanç) bar. Bu ýerde maşgalanyň binýady, onuň haçan, nä wagt, näme esasynda gurulmalydygy hakynda dürli pikirler ýüze çykýar. Gahrymanlaryň bir topary maşgalany söýgi esasynda gurmagy, käbirleri akylly-başly, käbirleri nesibä uýmagy ündeýärler. Ýaşuly nesliň wekilleri özleriniň ýalňyşan ýerlerini boýun alýarlar, dogry eden ýerlerini ýaşlara-da maslahat berýärler. Olaryň hemmesiniň maksady – Galkynyş zamanasynda kemala gelen Gunça bilen Guwanç ikisiniň – ýaş nesliň bagtly bolmagy.
Eseriň dili çeper, ýumora ýugrulan, wakalar gülküli, häzirki zamanyň talaplaryna bap beýan edilýär. Spektakl bolsa, tomaşa etmek üçin gyzykly, many-mazmuny taýdan ýiti hem agramly.