Türkmenistanyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk – dost–doganlyk binýady» atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler


Türkmenistanyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk – dost–doganlyk binýady» atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler



Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Aşgabatdaky hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky teatrlarda «Hemişelik Bitaraplyk – dost–doganlyk binýady» atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler.

6–12–nji dekabr aralygynda geçiriljek hepdeligiň dowamynda görkeziljek sahna eserleri bilen tanyş boluň!

6–njy dekabr:

15:00 – 15:55 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda teatryň rus dramaturgy Mihaýil Sadowskiniň «Maşa we aýy» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:40 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda teatryň özbek dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinler» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda daşary ýurt dillerinde taýýarlanan «Dostluk nagmalary» atly aýdym–sazly konserti.

19:00 – 20:40 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda teatryň başgyrt dramaturgy Mustaý Kerimiň «Akýigit we Zümerret» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda teatryň rus dramaturgy Georgiý Hugaýewiň «Andro we Sandro» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda teatryň rus dramaturgy Aleksandr Wampilowyň «Myhmanhanadaky başagaýlyk» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

7–nji dekabr:

15:00 – 16:00 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda teatryň rus dramaturgy K.Meşkowyň «Bir towşanjyk bar eken» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:20 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda teatryň özbek dramaturgy R.Ezizhojaýewiň «Giýewleriň bäsleşigi» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:35 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Bitaraplyk binýady –köňülleriň joşguny» atly türkmen we daşary ýurt nusgawy aýdymlaryndan düzülen konsert.

19:00 – 20:20 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda teatryň tatar dramaturgy Zaki Zaýnulliniň «Alty gelin» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 21:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda teatryň tatar dramaturgy Zaki Zaýnulliniň «41–iň zenanlary» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00–20:15 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda teatryň özbek dramaturgy Nurullo Abbashanyň «Täze gelin» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

8–nji dekabr:

15:00 – 15:55 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda teatryň rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň «Balykçy we balyjak» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda teatryň rus dramaturgy Aleksandr Wolodiniň «Hoşlaşasym gelenok» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:25 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda teatryň gyrgyz we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

18:00 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýaşlaryň gatnaşmagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar parahatçylygyň waspçylarydyr!» atly aýdym sazly dabaraly maslahat.

19:00 – 21:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda teatryň rus dramaturgy L.Razumowskaýanyň «Topraksyz baglyk» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:15 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda teatryň gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

9–njy dekabr:

12:00 – 13:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda teatryň rus dramaturgy Mihaýil Sadowskiniň «Maşa we aýy» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

15:00 – 16:15 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda teatryň azerbaýjan dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň «Arşyn mal alan» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda teatryň «Hindi rowaýaty» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda teatryň özbek dramaturgy Sanjarali Imanowyň «Super gaýynene» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda teatryň özbek dramaturgy Hoja Abbasyň «Gyzyl alma» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 21:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda teatryň rus ýazyjysy Aleksandr Nikolaýewiç Ostrowskiniň «Gurtlar we goýunlar» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:20 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda teatryň gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:25 – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda teatryň özbek dramaturgy Nurullo Abbashanyň «Körpe gelin» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

10–njy dekabr:

11:00 – 11:45, 13:00 – 13:45 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda teatryň rus dramaturgy Tamara Gabbeniň «Zoluşka» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

15:00 – 15:55 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda teatryň rus ertekisi esasynda «Külbejik» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:40 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda teatryň ispan dramaturgy Karlo Goldoniniň «Iki hojaýynyň hyzmatkäri» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda teatryň rus ýazyjysy Nikolaý Ostrowskiniň «Balzaminowyň öýlenişi» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:25 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda teatryň tatar dramaturgy Tufan Minnuliniň «Hüwdi» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:25 – Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda teatryň rus dramaturgy Aleksandr Wampilowyň «Myhmanhanada» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 21:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda teatryň rus dramaturgy Sergeý Belowyň «Naýbaşy ýigit» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:20 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda teatryň rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Pawlowiç Çehowyň «Söz aýdyş» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:25 – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda teatryň rus dramaturgy Aleksandr Wampilowyň «Myhmanhanada» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

11–nji dekabr:

15:00 – 15:45 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda teatryň rus halk ertekisi esasynda «Towşanjygyň öýi» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda teatryň özbek dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinler» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda daşary ýurt dillerinde taýýarlanan fransuz dramaturgy Ž.B.Molýeriň «Haltadaky husyt» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda teatryň gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:45 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda teatryň rus dramaturgy Andreý Wasilýewiň «Uýalar» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 - Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda teatryň rus dramaturgy Aleksandr Wampilowyň «Myhmanhanada» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:25 – Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda teatryň gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Ene toprak» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:10 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda teatryň özbek dramaturgy Şaraf Başbekowyň «Demir aýal» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

12–nji dekabr:

12:00 – 13:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda teatryň rus dramaturgy Korneý Iwanowiç Çukowskiniň «Lukman Aýbolit» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

15:00 – 16:00 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda teatryň arap ertekisi esasynda «Alauddin» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:50 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda teatryň iňlis dramaturgy Wilýam Şekspiriň «Romeo we Julýetta» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Bitarap Watanym – bagtyýar ýurdum» atly daşary ýurt dillerinde taýýarlanan konserti.

19:00 – 20:25 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda teatryň fransuz dramaturgy Klod Manýeniň «Oskar» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 21:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda teatryň «Halklaryň dostlugy» atly aýdym–sazly tomaşanyň görkezilmegi.

19:00 – 20:20 – Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda teatryň ýapon dramaturgy Dzýunzi Kinositaniň «Durna umydy» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.

19:00 – 20:30 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Bitaraplyk owazlary» atly aýdym–sazly tomaşanyň görkezilmegi.

19:00 – 20:25 – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda teatryň ýapon dramaturgy Dzýunzi Kinositaniň «Durna ýelekleri» atly sahna oýnunyň görkezilmegi.