Aşgabatda türkmeniň geçmiş taryhyndan söz açýan filmler görkeziler


Aşgabatda türkmeniň geçmiş taryhyndan söz açýan filmler görkeziler

2023-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda Türkmenistanyň taryhy, gerçek şahsyýetleri, şeýle-de türkmenleriň durmuşy barada surata düşürilen filmleriň gala programmasy guralar.

Onuň dowamynda «TRT» teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan taýýarlanan «Köneürgenç» we «Paýtagty Merw beýik Seljuklar döwründen soňra» atly gysga metražly filmler görkeziler.

Türkmenistan döwletimiziň beýik taryhyndan söz açýan filmleriň görkeziliş dabarasy 15:00-da başlanar.