«Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda «Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.



1. Bäsleşige halk teatrlary, halk gurjak teatrlary, drama toparlary, teatr studiýalary gatnaşyp bilerler.
2. Bäsleşige Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri esasynda türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna bagyşlanan sahna oýunlary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edýän sahna oýunlary, asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, kämilleşip gelýän milli medeniýetimizi, taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy wasp edýän sahna oýunlary hödürlenilip bilner.
3. Bäsleşikde iň gowy sahna oýny üçin 1-nji, 2-nji, 3-nji ýerlere gymmat bahaly sowgatlar bellenilýär. Baýrakly orunlardan daşary ussatlygy bilen tapawutlanan döredijilik işgärler eminler toparynyň gelen netijesi esasynda höweslendiriji baýraga mynasyp bolarlar.
4. Bäsleşik her welaýat boýunça aýratyn şu aşakdaky senelerde geçirilýär:
Ahal welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 14-16-njy maýy aralygynda;
Balkan welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 18-21-nji maýy aralygynda;
Daşoguz welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 26-29-njy maýy aralygynda;
Lebap welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 3-5-nji iýuny aralygynda;
Mary welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 6-9-njy iýuny aralygynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-00-13, 44-00-55.