Aşgabatda Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň artistleri «Gelmişek» atly sahna eseri bilen çykyş etdiler
Aşgabatda hem-de Arkadag şäherlerinde geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly dowam edýär. Şu gün festiwalyň ikinji güni.
Halkara festiwala gatnaşmaga gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň döredijilik topary halkara festiwalyň ikinji güni «Gelmişek» atly sahna eseri bilen çykyş etdi.
Myhmanlaryň sahna eseri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkezildi. Oňa tomaşa etmäge ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, halkara festiwala gatnaşýan ýurtlaryň teatr artistleri, ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.
Sumbel Gaffarowanyň pýesasy esasynda Farid Bikçantaýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Gelmişek» spektaklynyň gahrymany Nakip, ykbalyň emri bilen uruşdan soň Kanadada täze durmuşda ýaşap başlaýar. Kanadanyň uly bolmadyk bir şäheriniň jümmüşinde ol tatar obasyna mahsus ýaşaýyş ojagyny gurýar, ýeralma ekip başlaýar. Spektaklda gahrymanyň ykbaly giňişleýin açylyp görkezilýär.
«Gelmişek» atly sahna eseri 2017-nji ýylda sahnalaşdyrylyp ilkinji gezek şol ýylyň 14-nji oktýabrynda tatar halkyna görkezilýär.