AZERBAÝJANDA MAGTYMGULY PYRAGA BAGYŞLANAN TÄZE TÜRKMEN FILMI SURATA DÜŞÜRILER


AZERBAÝJANDA MAGTYMGULY PYRAGA BAGYŞLANAN TÄZE TÜRKMEN FILMI SURATA DÜŞÜRILER



Türkmen kinorežissýorlary akyldar, şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerine bagyşlanan täze ylmy-dokumental filmi surata düşürmäge taýýarlanýarlar. Şu mynasybetli awgust aýynyň ahyrynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary Azerbaýjana giderler.

Režissýor Sahysalyh Baýramowyň aýtmagyna görä, filmiň önümçilik işleri 30-njy awgustdan 5-nji sentýabra çenli Azerbaýjanda alnyp barylar.

Bu döwürde režissýor Maksat Gylyjowyň ýolbaşçylygynda alypbaryjy Annadurdy Täşliýew täze ylmy dokumental film üçin Azerbaýjan Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň mugallymlary we işgärleri bilen söhbetdeşlik geçirer.

Magtymguly Pyraga bagyşlanan film ýurduň dürli sebitlerinde surata düşüriler.