Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň meýilnamasy bilen tanyş boluň!


Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň meýilnamasy bilen tanyş boluň!



Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda festiwal Türkmenistanda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal geçiriler. Biz saýtymyzyň okyjylary üçin halkara festiwalyň çäklerinde geçiriljek dabaralar, görkeziljek sahna oýunlary barada maglumat bermegi makul bildik. Şonuň üçin hem halkara festiwalyň meýilnamasyny saýtymyzda ýerleşdirmegi makul bildik.

14-nji noýabr:

09:00 – 10:00 — Teatr toparlarynyň dabaraly ýörişi we edebi-çeper çykyşlary. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdança.

10:00 – 12:00 — «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň açylyş dabarasy. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry.

15:00 – 16:30 — Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň «Köňüller kelamy» atly sahna oýnunyň görkezilmegi. Geçirilýän ýeri: Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry.

17:30 – 19:00 — Gazagystan Respublikasynyň Biken Rimowa adyndaky Taldykorgan drama teatrynyň «Goragsyzlar güni» atly sahna oýnunyň görkezilmegi. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry.

19:00 – 20:30 — Täjigistan Respublikasynyň Mahmudjon Wahidow adyndaky Täjik döwlet ýaşlar teatrynyň «Watandan uzakda bir gije» atly sahna oýnunyň görkezilmegi. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry.

19:00 – 20:30 — Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň «Şasenem we Garyp» sahna oýnunyň görkezilmegi. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry.

15-nji noýabr:

10:00 – 11:30 — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň «Gelmişek» atly sahna oýnunyň görkezilmegi. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry.

12:00 – 13:30 — Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşanyň döwlet sazly drama teatrynyň «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna oýnunyň görkezilmegi. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry.

15:00 – 16:10 — Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň «Ak gämi» atly sahna oýnunyň görkezilmegi. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry.

19:00 – 20:20 — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň «Söýgi hem hasrat» atly sahna oýnunyň görkezilmegi. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry.

19:00 – 20:30 — Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýatynyň Appaz Žaýnakow adyndaky sazly drama teatrynyň «Magtymguly Pyragy» atly sahna oýnunyň görkezilmegi. Geçirilýän ýeri: Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry.

16-njy noýabr:

10:00 – 11:30 — Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň «Magtymguly – köňül guşy» atly sahna oýnunyň görkezilmegi. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry.

11:30 – 13:00 — «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyna gatnaşýan döwletleriň teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda teatr sungatyny ösdürmek we teatrlaryň arasynda geljekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça iş maslahaty. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry.

15:00 – 17:00 — Myhmanlaryň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine hem-de Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine we söwda merkezlerine baryp görmekleri.

18:00 – 19:00 — «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň ýapylyş dabarasy. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry.