A.Gurbandurdyýewiň «Enemiň owlajygy» atly sahna oýny


A.Gurbandurdyýewiň «Enemiň owlajygy» atly sahna oýny



Bu gurjak oýnunda gadym zamanda özüniň göz monjugy ýaly üç gyzyny durmuşa çykaryp, ýalňyz galan ene hakynda söhbet açylýar. Bir günem ol agyr syrkawlap, başyny ýassyga goýýar. Enäniň näsaglap ýatanyny gören Owlajyk onuň daşynda kökenek bolýar. Soňra bolsa syrkaw ýatan enäniň habaryny ýat ýerlere durmuşa çykan gyzlaryna ýetirmek üçin ýola düşýär.
Owlajygyň öňünden Ýolbars, Möjek ýaly ýyrtyjy haýwanlar çyksa-da, «ene» sözüni eşiden badyna, Owlajyga topulman, oňa ýol berýärler. Sebäbi ene haýwanlar üçin hem mukaddes. Olaryň hem enesi bar ahbetin.
Owlajyk syrkaw ýatan enäniň habaryny gyza ýetirende, ol özüniň ähli işlerini taşlap, çölüň boýbodran, huşberen, käkilik oty ýaly derman ösümliklerini hem horjunyna salyp, ýyndam ata atlanýar-da syrkaw enesiniň ýanyna eňýär. Şeýlelik-de mähriban ene sagalýar. Bu oýunda ene mukaddesligi özüniň oňat beýanyny tapýar. Çaganyň kalbynda enä bolan söýgüsini arşa göterýän gurjak oýny uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe.