Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry ilkinji gezek halkara festiwala gatnaşýar


Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry ilkinji gezek halkara festiwala gatnaşýar



Ozal habar berşimiz ýaly, 14 — 16-njy noýabr aralygynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly geçirilýär. Bu halkara teatr festiwalyna ilkinji gezek Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry hem gatnaşar.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary halkara teatr festiwalynda «Köňüller kelamy» atly sahna oýny bilen çykyş eder.

B.Abaýewiň režissýorlygynda sahnalaşdyrylan «Köňüller kelamy» atly sahna eseri Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 14-nji noýabrda sagat 15:00-da görkeziler.

«Köňüller kelamy» atly sahna eseri barada belläp geçsek, oýun Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» atly hekaýasy esasynda taýýarlandy. Bu sahna eseriniň baş gahrymany Welmyradyň argyşa gidişi we şol ýerde sowatly bir ýaş ýigidiň okaýan kitabyna maýyl bolup, ony guba düýä çalşyp gaýdyşy beýan edilýär.

Şeýle-de sahna eserinde Welmyradyň bu hereketini nädogry hasaplan oba adamlaryň bolandygy, hat-da onuň maşgalasynyň nägiledigi täsin wakalaryň üsti bilen dartgynly görkezilýär. Onuň kitaba, şygryýete bolan höwesiniň beýikligi ähli kynçylyklardan üstün çykyp, türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna, medeni mirasyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy.

Sahna eseriniň dowamynda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ähli döwürler we nesiller üçin gymmatlydygy beýan edilýär.