Sahnada «Gilgameş» atly spektakly


Sahnada «Gilgameş» atly spektakly

Golaýda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Gilgameş» atly spektaklyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Ony dramaturg Oguljennet Bäşimowanyň pýesasy esasynda teatryň baş režissýory Öwezmämmet Galandarow sahnalaşdyrdy.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli sahnalaşdyrylan bu sahna oýny taryhy wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ýurdumyzyň günortasynda dörän irki şäherler bilen Mesopotamiýadaky şumerleriň arasynda söwda we medeni gatnaşyklaryň bolandygy barada getirilýän maglumatlara esaslanyp sahnalaşdyrylan spektakl halkymyzyň medeni mirasyny, müňýyllyklara uzaýan geçmiş taryhyny şu günki günüň tomaşaçylaryna ýetirmegi maksat edindi. Bular dogrusynda baş režissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

— Häzire çenli sahnalaşdyran taryhy spektakllarymdan tapawutlylykda, «Gilgameş» sahna oýny adamzat siwilizasiýasynyň irki döwürleriniň wakalaryny özünde jemleýär. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň aňyrsynda uly many bar. Änewlileriň Mesopotamiýadaky gadymy şumerleriň siwilizasiýasyna ýetiren täsiri — alymlaryň subut eden hakykaty. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda şumerleriň Asman taňrysyny Anu diýip atlandyrandygyndan ugur alyp, «Änew» adynyň hem şu sözden gelip çykandygy baradaky pikirlerini beýan edýär. Alymlaryň bellemegine görä, ilkinji hat-ýazuw medeniýeti şumerlerde döräpdir. Onuň döremegine söwda ýollary sebäp bolupdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda giňişleýin belläp geçýär. Şumerleriň hat-ýazuwlaryndaky şekilleriň häli-häzire çenli biziň halylarymyzdaky, keşdelerimizdäki nagyşlarda saklanyp galmagy, medeniýetlerimiziň arasyndaky taryhy baglanyşygy tassyklaýar. Taryhy wakalar içinden eriş-argaç bolup geçýän, adamzadyň taryhyndaky ilkinji dessan hasaplanylýan «Gilgameş» eseri esas edilip alnan taryhy spektakly teatrymyzyň döredijilik toparynyň yhlaslylygy, erjelligi netijesinde tomaşaçylara ýetirdik.

Spektaklda Rejep Nazgurbanow, Myratberdi Sätiýew, Annasoltan Berdiýewa, Laçyn Nuryýewa, Gülnur Hajymämmedowa, Amansoltan Nepesowa, Hydyrberdi Hydyrow, Gurban Anjykow, Ýakup Öwezow, Arslan Mämmetgulyýew, Parahat Elýasow dagylar özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardylar. Spektaklyň sahna bezegini Kuwwat Mämmetnepesow ýerine ýetirdi. Sahna eserindäki wakalaryň dowamynda Gilgameş bakylygy gözleýär. Onuň ahyrynda bolsa baş gahryman bakylygyň bütin adamzada bagyşlan, Watanyň, halkyň üçin bitiren ýagşy işleriňdigine düşünýär.

Spektaklyň tomaşaçylarda müňýyllyklara uzaýan şöhratly geçmişimiziň gymmatlyklary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik döretjekdigine ynanýarys.

Aýjemal GAÝLYÝEWA