Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynda «Magtymguly – köňül guşy» atly sahna eseri görkeziler
Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 14 — 16-njy noýabrynda ýurdumyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň birnäçe ýurdundan teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşar.
Halkara festiwalyň açylyş dabarasy 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat adyndaky baş akademiki drama teatrynda geçiriler.
Halkara festiwalyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň «Magtymguly – köňül guşy» atly sahna eseri hem görkeziler. Oýun 16-njy noýabrda sagat 10:00-da başlanar.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan edebi esasy boýunça Eziz Işangulyýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan oýunda Gündogaryň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä, din, ylym, adam hakdaky filosofik pikirleri açylyp görkezilýär.
Bu eser taryhy, psihiologik drama, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanýan eserdir. ХVIII asyrda türkmenleriň syýasy, ykdysady durmuşynda bolup geçen käbir taryhy wakalaryň we şol döwürde ýaşan şahyryň döredijiliginde naturalizmden, didaktizmden, mistisizmden, romantizmden tä realizme çenli bolup geçen ösüş we özgeriş yzarlanyp, wakalar biri-birine sepleşip gidýär. Eserdäki wakalar dag etegindäki türkmen obasyna Nowruzyň gelmegi bilen ýaýbaňlanýp, şahyryň atasy Döwletmämmet Azadynyň ölümi bilen baglanyşykly gynançly wakalara sepleşip, kem–kemden çuňlaşýar, dartgynlaşýar. Halkyň sosial - syýasy durmuşyndaky nogsanlyklar açylýar. Eser şahyryň içki oýlanmalary, pikirleri bilen ýöreýär. Ol ruhy ahwalatda – Kutp-Pirler, Nagyşbendi, Azady, Meňli, Şeýtan bilen duşuşýar we bu tär eseriň ynandyryjylygyny artdyrýar.