«Gyzyl şyrdajyk» şatlyk paýlady


«Gyzyl şyrdajyk» şatlyk paýlady



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň A.S.Puşkin adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri Mary welaýatynda döredijilik saparynda boldular. Olar welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda birnäçe gün çykyş etmek bilen, teatr muşdaklaryna fransuz ýazyjysy Şarl Perronyň çagalar üçin ýazan «Gyzyl şyrdajyk» atly eseriniň esasynda döredilen erteki sahnasyny hem-de Georgiý Hugaýewiň ulular üçin ýazan «Andro we Sandro» atly gülküli sahna eserlerini görkezdiler. Çagalar we olaryň ene-atalary, medeniýet, sungat işgärleri hem-de teatr sungatynyň muşdaklary bu hödürlenen sahna oýunlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.