ÖMÜR DARAGTYNYŇ GÖZELLIGI


ÖMÜR DARAGTYNYŇ GÖZELLIGI



Bilşimiz ýaly, 12-13-nji maýda ak mermerli paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirilýär.

Düýn bu iri halkara çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşýan myhmanlar «Ömür daragty» atly sahna eserine tomaşa etdiler. Täze sahna oýny ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri esasynda dramaturg G.Da¬ňatarowyň pýesasy boýunça sahnalaşdyryldy.
Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky derek hakyndaky rowaýaty¬ň mazmunyndan ugur alnyp taýýarlanylan sahna eseri dartgynly wakalara baýlygy bilen tomaşaçyda uly täsir galdyrýar. Oýnuň many-maň¬zyndan gelip çykýan çözgüde laýyklykda, ynsan öz ömrüni ýagşy häsiýetleri, bitirýän gowy işleri bilen gözelleşdirýär. Baş keşplerden Şazadanyň keşbinde B.Garlyýew, Perizadyň keşbinde Ş. Kasymowa, Kiçigyzyň keşbinde D.Meläýewa dagy çykyş edýär. Oýunda ýaş zehinler bilen birlikde, Türkmenistanyň halk artistleri M.Bekiýew, Ç.Seýitliýew hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti O.Nyýazberdiýewa ýaly halypa artistleriň çykyş etmegi onuň has-da täsirli çykmagyna getiripdir.

* * *

Paýtagtymyzda geçirilýän halkara forum mynasybetli düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda rus dramaturgy A.Ostrowskiniň «Balzaminowyň öýlenişi», Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy Ç.Aýtmatowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi», Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda A.Işangulyýewiň «Çynymy aýtsam» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan oýunlaryň, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus dramaturgy A.Wolodiniň «Bäş agşam», Türkmen döwlet gurjak teatrynda halk ertekisi esasynda sahnalaşdyrylan «Ýartygulak» sahna oýunlary, Döwlet sirkinde bolsa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi.
Şu gün — 12-nji maýda bolsa teatr muşdaklary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda iňlis dramaturgy W.Şekspiriň «Romeo we Žulýetta», Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy N.Abbashanyň «Körpe gelin», Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda tatar dramaturgy Z.Zaýnulliniň «Alty gelin», Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda «Garajaoglan» dessany esasynda sahnalaşdyrylan «Ala gözlerini söýdügim dilber!» ýaly sahna eserlerine tomaşa ederler.
Türkmenistanyň Döwlet sirkinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezjek sirk tomaşasy hem, adatça bolşy ýaly, tomaşaçylary biparh goýmasa gerek. Düýn görkezilen we şu gün görkeziljek sahna oýunlarynyň dürli doganlyk halklaryň wekilleriniň eserlerinden düzülmegi bolsa olary hakyky sungat baýramçylygyna öwürýär.

Aýjemal OMAROWA. «Türkmenistan».