«JADYLY SÖZ» BAŞ BAÝRAMA SOWGAT BOLAR


«JADYLY SÖZ» BAŞ BAÝRAMA SOWGAT BOLAR



Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuna sowgatly barmagy maksat edinýärler. Şu günler teatryň artistleri welaýatyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Jadyly söz» atly täze spektakly sahnalaşdyrýarlar.

Teatryň režissýory Guwanç Baýmetow dramaturg Aýmämmet Işangulyýewiň adybir eseri esasynda sahnalaşdyrýan sahna eseri aýdym-sazly bolup, onda täsirli başdan geçirmeli gyzykly wakalar beýan edilýär. Sahna eserinde Türkmenistanyň at gazanan artistleri Meretdurdy Seitow, Halmyrat Şyhyýew, Pirnepes Hojanepesow, şeýle-de Begli Dowlyýew, Ýazdurdy Öwezow, Leýli Rejepowa, Leýla Gafurowa, Aýjahan Berdiýewa, Döwran Bekdurdyýew, Şeýdabeg Saryýew ýaly tejribeli artistler çykyş edip, olar şu günler özlerine ynanylan keşplerinde üstünlikli çykyş etmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görýärler.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Jadyly söz» atly täze sahna eserinde dostluk, mähribanlyk, birek-biregi goldamak ýaly ynsanperwer garaýyşlar ündelýär. Täze sahnanyň welaýatyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin özboluşly toý sowgady boljakdygyna ynanýarys. Teatryň döredijilik toparyna bolsa üstünlikleri arzuw edýäris.