NAÝBAŞY TOWŞAN


NAÝBAŞY TOWŞAN



A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda sahnalaşdyrylan, tanymal rus dramaturgy I.Çernyşewiň körpe tomaşaçylar üçin ýazan, dünýäniň birnäçe döwletleriniň sahnasynda goýulan meşhur “Naýbaşy towşan” eserini teatryň zehinli režissýory B.Garajaýew sahnalaşdyrdy. Oýnuň sahna bezegini ýerine ýetiren Ý.Şyhdurdyýew, saz bilen bezän B.Kakaýew bilen D.Wybornow, horeografiýasyny bolsa M.Pürsiýanowa ýerine ýetirdiler.

Çagalara gowulygy, edep-terbiýäni ündeýär. Ol çagalar üçin terbiýeçilik häsiýetli gaty gowy sowgat boldy.

Waka tokaýda bolup geçýär. Onda hemişekileri ýaly möjek bilen towşan bezzatlyk edýärler, olaryň baran ýeri dökän-saçanlyk, hapaçylyk. Iýip-içen zatlarynyň galyndylaryny, daşynyp gaplaryny çem gelen ýere zyňyp goýberýärler. Bularyň bu eden-etdiliklerine “Naýbaşy” lakamyny alan towşanjyk göz ýumup bilmeýär. Olary dogry ýola sakmaklygy ýüregine düwýär. Maksadyna-da ýetýär. Elmydama güýjüne däl-de aklyna, üşügine daýanýan Naýbaşy towşan tilki bilen möjegi eden etmişlerine toba etdirip, tokaý ýaşaýjylarynyň öňünde ötünç soradýar. Tilki bilen möjek düzeljekdikleri, indi tokaýyň gowy, göreldeli haýwanlary bolmaklyga çalyşjakdyklary barada söz berýärler.

Sazy ajaýyp. Spektakl bilen sazlaşykly gidýär. Sahnaň bezegi ýerlikli, gowy bolupdyr.Spektakl akgynly, owadan, süýji äheňli sazlar bilen baýlaşdyrylan. Ertekiniň häsiýetine kybapdaş.

Sahna oýnunda Puşkin adyndaky teatryň artistleri A.Nazarowa ― naýbaşy towşanyň keşbini, D.Selýuminowa ― tilkini, W.Dmitriýew ― möjegi diýseň ynandyryjy, ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.

Bu cagalar ücin niýetlenen “Naýbaşy towşan” sahna oýny A.S.Puşkin adydaky döwlet rus drama teatry tarapyndan 2022-nji ýylda sahnalaşdyryldy. Diýseň şagalaňly depginde gidýän bu sahna oýny görmäge gelen çagalaryň hemmesiniňem göwnünden turdy.

Diňe gowulygy ündeýän bu körpeler üçin niýetlenen sahna oýny görmäne gelenler tarapyndan diýseň gyzgyn garşylanyp, ilkinji görkezilişden olaryň söýgüsine mynasyp boldy.