GURJAK ARTISTLERINIŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI


GURJAK ARTISTLERINIŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI

Türkmen döwlet gurjak teatry 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 24-27-si aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen 19-njy «Kiçijik hanymlar, kiçijik jenaplar» atly Halkara teatr festiwalynyň Kubogyna hem-de diplomyna mynasyp boldy.

Halkara teatr festiwalyna 8 döwletiň, Türkmenistanyň, Ispaniýanyň, Bosniýa we Gersegowiniýanyň, Kubanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Türkmen döwlet gurjak teatry halkara festiwalynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri esasyndan sahnalaşdyrylan «Baky rowaýatlar» atly sahna oýny bilen gatnaşdylar. Sahna eserinde Seýit Jemaleddin ýadygärligi bilen bagly rowaýat janlandyrylýar. Gurjak oýnunda türkmen bedewiniň, edermen alabaýynyň we beýleki milli gymmatlyklarymyzyň çeper keşpleri janlandyryldy, şeýle hem türkmen halysy, milli şaý-sepleri görkezilip, türkmen dutarynyň ajaýyp owazy ýaňlandy.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna oýny Ankara şäherindäki Türkiýe Respublikasynyň Döwlet teatrlarynyň baş müdirliginiň sahnasynda görkezildi. Sahna oýny tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine hem-de sahna ussatlarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Teatr festiwalyň dowamynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri aktýorlyk ussatlygy, sahna dili, sahna hereketi ýaly ugurlarynda tejribe alyş sapaklaryna gatnaşdyrlar. Festiwalyň çäginde dürli ýurtlaryň ussat aktýorlary we režissýorlary bilen döredijilik duşuşyklary guraldy.

Döredijilik gatnaşyklaryny, tejribe alyşmak, hususan-da, gurjak oýunlaryny sahnalaşdyrmagyň režissurasy barada gürrüňdeşlikler geçirildi. Dostlukly döwletleriň teatrlarynda Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligine bagyşlanan spektakllary döretmek teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara festiwalynyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparynyň Ankara şäherindäki «Türkmenistan» seýilgähine hem-de Magtymgulynyň Pyragynyň ýadygärlik heýkeline gezelenji guraldy.

Umuman, halkara teatr festiwaly artistleriň sungat tejribeleriniň artmagyna, täze döredijilik başlangyçlaryny gözlemäge, hünär kämilliginiň has-da artmagyna ähmiýeti örän ýokary boldy.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri milli medeniýetimizi, halkara teatr gatnaşyklarynyň ösmegine giň şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza köp alkyşlar aýtdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolmagyny arzuw etdiler!