«Daýahatyn» atly sahna oýny
Bu sahna oýny Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ylmy maglumatlary getirilen, halkymyzyň içinde dilden-dile rowaýat bolup geçip gelen Daýahatyn hakynda. G.Hanowanyň «Daýahatyn» atly poemasynyň sýužetlerine esaslanýan bu sahna eseri, Lebap welaýatynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlik bilen bagly rowaýaty sahnada janlanýar. Sahna oýnunda söýgi we wepadarlyk töhmede, dildüwüşige garşy göreşýär. Amulyň hökümdarynyň bir ussa gyzyna aşyk bolmagy bilen bolup geçýän wakalar gapma-garşylyga, uly synaglara duçar bolýar. Netijede, söýgi we wepadarlyk hemme zatdan üstün çykýar.