Gazagystanly teatr artistleri halkara festiwalda «Goragsyzlar güni» atly sahna eseri bilen çykyş eder


«Türkmen zenanlarynyň döreden ajaýyp el işleri» atly söhbetdeşlik geçirildi



Şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçiriljek «Bagtyýar döwürde teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalynyň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Biken Rimowa adyndaky Taldykorgan drama teatrynyň döredijilik topary hem gatnaşar.

Gazagystanly teatr artistleri halkara festiwalda ýazyjy we dramaturg Muhtar Awezowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Goragsyzlar güni» («Қорғансыздың күні») atly sahna eseri bilen çykyş ederler.

«Goragsyzlar güni» atly sahna eseri 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda görkeziler. Oýun 17:30-da başlanar.

«Goragsyzlar güni» atly sahna eseri boýdan-başa drama bilen baýlaşdyrylandyr. Ýazyjynyň öz döredijiligi barada aýtsak, sözüň doly manysynda «Goragsyzlar güni» diýlip terjime edilýän «Қорғансыздың күні» okyjyny gazak obasyndaky garyplaryň durmuşy bilen tanyşdyrýar. Garyp, goragsyz adamlaryň durmuşynda agyry günler hakda gürrüň berýär.

Režissýor Farhad Moldagaliniň sahna eseri ilkinji gezek 2021-nji ýylyň 3-nji iýunynda gazak tomaşaçylaryna görkezildi. Oýnuň suratkeşi Karlygaş Şalabaýewa. Sahnada 12 artist çykyş edýär. Oýun wagty bolsa 55 minut dowam edýär.