«Atda wepa-da bar, sapa-da» spektaklynyň ilkinji görkezilişi
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda «Atda wepa-da bar, sapa-da» spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy. Sahna oýny Hormatly Prezidentimiziň türkmeniň göz-guwanjy saýylýan, halkymyzyň döredijilik joşgunynyň, ösüşlerimiziň nyşany bolan bedewlerimize bagyşlap ýazan «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseri esasynda sahnalaşdyryldy. Türkmenistanyň halk artisti, halypa režissýor K.Aşyrowyň sahnalaşdyran bu sahna oýnunyň esasy wakalary türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, mirasy bolan ÝUNESKO-nyň adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessanymyz, halylarymyz, bedewlerimiz hakda. Şunlukda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň edebi esasy boýunça režissýor Kakajan Aşyrowyň sahnalaşdyran bu spektakly tomaşaçyny türkmen topragynyň milli buýsanjy we şöhraty bolan ahalteke bedewleri barada gaýybana syýahata alyp gidýänligi bilen täsirlidir. Teatryň sahnasynda türkmen bedewine bagyşlanylyp ilkinji gezek görkezilýän bu aýdym-sazly sahna oýnunyň şahyrana görnüşlerinde halkymyzyň kalbynda hemişelik orun alan D.Öwezowyň, N.Halmämmedowyň, Ç.Nurymowyň, meşhur sazlary ýaňlanýar. Sahnada geçmiş we häzirki döwür, däp-dessurlar, folklor hem-de täze pikirler sazlaşykly utgaşýar. Baş drama teatrynyň ilkinji gezek görkezen «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly spektakly hem ýüzlenen eseriniň döwrebaplygy, müdimi pikiri orta atýanlygy bilen oýnuň tomaşaçylarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.