Teatrlaryň döredijilik saparlary


Teatrlaryň döredijilik saparlary



Arkadagly Serdarymyzyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklary esasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki döwrebap medeniýet merkezlerinde we teatrlarda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän eserler sahnalaşdyrylyp, halkymyza ýetirilýär. Teatrlaryň döredijilik toparlarynyň ýurdumyzyň welaýatlaryna saparlarynyň guralmagy hem şu maksatdan ugur alýar.



Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry 24 — 31-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň hem-de etraplarynyň döwrebap medeniýet öýlerinde «Söýgi duralgasy» atly sahna oýnuny we «Geliň, gülşeliň!» atly aýdym-sazly, degişmeli çykyşlary teatr muşdaklaryna ýetirdi.

Şol günlerde Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda, Baýramaly şypahanasynda, harby bölümleriň döwrebap medeniýet öýlerinde «Söýgi kyssasy» sahna oýny hemde aýdym-sazlardyr degişmeler bilen çykyş etdi. 3 — 14-nji noýabr aralygynda bolsa Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda we Türkmenbaşy şäheriniň döwrebap medeniýet öýlerinde, 17 — 27-nji noýabr aralygynda Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, welaýatyň etraplaryndaky döwrebap oba medeniýet öýlerinde «Täze gelin» sahna oýny hem-de «Geliň, gülşeliň!» atly aýdym-sazly, degişmeli çykyşlary bilen sungat muşdaklaryny begendirer.

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry Ahal welaýatynyň Tejen, Sarahs, Babadaýhan etraplarynyň döwrebap medeniýet öýlerinde gülküli pursatlara baý «Bildiriş» sahna oýny bilen tomaşaçylaryň göwünlerini awlamagy başardy. Teatryň döredijilik topary 1 — 7-nji noýabr aralygynda Mary welaýatynyň etraplarynyň medeniýet öýlerinde çagalar üçin sahnalaşdyrylan «Taýharjyk» atly sahna oýny we «Geliň, gülşeliň!» atly aýdym-sazly, degişmeli çykyşlary bilen teatr muşdaklaryny begendirer.

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary 1 — 10-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň ömür-döredijiligine bagyşlanan «Sag bol, dostum!» atly sahna oýny bilen çykyş eder. Bu oýun şahyryň ýaşlyk ýyllaryndan söz açyp, onda yşky-liriki pursatlar tomaşaça juwanlygyň täsirli tolgunmalaryny bagyş eder.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry 7 — 13-nji noýabr aralygynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda we Lebap welaýatynyň etraplarynyň medeniýet öýlerinde «Hindi rowaýaty», aýyň 14 — 20-si aralygynda bolsa Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda hem-de Balkan welaýatynyň etraplarynyň döwrebap medeniýet öýlerinde «Yşgyň gämisi» hem-de «Geliň, gülşeliň!» atly aýdym-sazly, degişmeli oýunlary bilen çykyş ederler.

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri 19 — 21-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda, 22 — 25-nji noýabr aralygynda Ahal welaýatynyň Tejen, Sarahs, Babadaýhan etraplarynyň döwrebap medeniýet öýlerinde «Synag» atly sahna oýny we «Geliň, gülşeliň!» atly aýdym-sazly, degişmeli çykyşlary bilen teatr muşdaklaryny begendirerler.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna ussatlary 14 — 20-nji noýabr aralygynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, Türkmenabat şäheriniň hem-de etraplaryň döwrebap medeniýet öýlerinde «Aýal doganlar» sahna oýny bilen çykyş ederler. Türkmen döwlet gurjak teatry 21 — 24-nji noýabr aralygynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň döwrebap medeniýet öýlerinde «Janly gurjaklar» atly sahna oýny bilen ildeşlerimiziň köňüllerini watanperwerligiň belent duýgularyna beslär.

Ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlary hem-de teatr muşdaklary şeýle ähmiýetli medeni çäreleriň üstünlikli geçirilmegine döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

Agamyrat BALTAÝEW.