KÖŇÜL KIRIŞLERI


KÖŇÜL KIRIŞLERI



A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda sahnalaşdyrylan S.Serbazow bilen M.Mämmetgurbanowyň “Köňül kirişleri” atly sahna oýny spektakly teatr muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Bu drama eserini režissýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedow sahnalaşdyrdy. Onuň sahna bezegini ýerine ýetiren Ý.Şyhdurdyýew, saz bilen bezan B.Kakaýew, horeografiýasyny bolsa M.Pürsiýanowa ýerine ýetirdiler.

“Köňül kirişleri” atly bu sahna oýny, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Nury Halmämmedowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanýar. Spektaklda kompozitoryň ejesi Hangül daýza, obadaşy Tagandurdy aga, dosty Gurbannaza Ezizow we beýlerkiler gatnaşýarlar. Sahna eserinde Nury Halmämmedowyň çagalyk ýyllaryndan başlap, hakyky, kämil kompozitor derejesine ýetişi öüne çekiji janlandyrylýar. Spektaklda kompozitoryň ömri we döredijiligi onuň “Keçpelek” sazynyň döreýşi bilen baglanyşdyrylýar. Kompozitoryň ”Dutaryň owazy” ýaly ajaýyp eseriniň dünýä inişi hem spektaklda gyzykly, täsirli edip tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirilýär. Bu spektakl türkmen saz sungatynyň ösmegine önjeýli goşant goşan Nury Halmämmedowyň nusgalyk ömrüne we döredijiligine ýene bir gezek teatr tomaşaçylarynyň ünsüni çekýär. Sahna oýnunyň mazmuny aktual, şu günki günde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Spektakl başlanyndan tä soňuna çenli tomaşaçynyň bar ünsüni özünde jemleýär. Olara gahrymanlaryň begenjine begenip, gynanjyna bile gynandyrýar. . Sahna oýnunda meşhur kompozitorymyzyň saz eserleri ýerlikli saýlanyp ulanylypdyr. Ol sahna oýny bilen sazlaşyp, ony baýlaşdyrýar. Has çuňlaşdyrýar. . Nury Hälmämmedowyň owadan, süýji äheňli sazlary bilen baýlaşdyrylypdyr.

Sahna oýnunda Puşkin adyndaky teatryň artistleri M.Gurbanow ― Nury Halmämmedowyň keşbini, Z.Mirzaýew ― onuň çagalyk wagtyny, А.Pawlow ― Gurbannazar Ezizowy, М.Nurmuhammedow ― režissýor Öwlüýägulyny, W.Dmitriýew ― Atageldi Garýagdyýewi, А.Jumaýewa ― Hangül gelnejäni, М.Rogow ― Tagandurdy agany, А.Ýagşyýew ― Nurynyň çagalyk dosty Döwrany, Ý.Ýagşyýew ― ýene bir çagalyk dosty Merdany, А.Nazarowa ― Dilberi, А.Hommadowa ― Aýlary, А.Andronowa ― Olga Kriwçenkony, S.Lawin ― Anatoliý Aleksandrowy, R.Nurumow ― Aram Haçaturýany, R.Çewtaýew ― 1 talyby, М.Kustodow ― 2 talyby, А.Balandina ―alyp baryjy ýaly keşpleri özboluşly häsiýetli, ýatda galyjy ýerine ýetirýärler.

“Köňül kirişleri” sahna oýny 2022-nji ýylyň 10-14-nji maýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalyp geçirilen “Türkmenistanyň teatr sungaty” atly festiwaly üçin sahnalaşdyryldy. Sahna oýny, festiwalyň “Iň gowy erkek adamyň keşbi” baýragyna mynasyp boldy. Ony Nury Halmämmedowyň keşbini janlandyran teatryň ýaş, zehinli artisti Magtymguly Gurbanow aldy.

Sahna oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, gysga wagtyň içinde olaryň söýgüsine mynasyp boldy.