„Şahandazlar“ atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi ýurdumyzyň wäşileriniň arasynda „Şahandazlar“ atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.



1. «Şahandazlar» atly bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyry Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde, ikinji, jemleýji tapgyry bolsa Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda geçirilýär. Birinji tapgyrda birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp bolan wäşiler jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Şeýle hem üç baýrakly orunlardan daşary ussatlygy bilen tapawutlanan wäşiler eminler toparynyň gelen netijesi esasynda jemleýji tapgyra gatnaşmaga ygtyýar alyp biler.

2. Bäsleşigiň birinji tapgyry welaýat merkezlerinde şu aşakdaky senelerde geçirilýär:
Ahal welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 16-njy maýynda;
Balkan welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 21-nji maýynda;
Daşoguz welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda;
Lebap welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda;
Mary welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda.

3. Jemleýji tapgyry bolsa, 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda geçirilýär.

4. Bäsleşikde çykyş etjek wäşiler şu ugurlar boýunça öz ukyplaryny görkezip bilerler:
- degişme sahnalary,
- degişme aýdymlary,
- degişme goşgulary,
- degişmeli tanslary,
- öýkünmeler,
- sözsüz, hereketli degişmeler,
- degişme gürrüňleri.

5. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş eden wäşiler gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanarlar. Bäsleşigiň ýeňijileri Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gatnaşdyrylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-00-13, 44-00-55.