«Magtymguly — köňül guşy» halkara festiwalyň jemleýji sahnasy boldy


«Magtymguly — köňül guşy» halkara festiwalyň jemleýji sahnasy boldy



Şu gün ýurdumyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň jemleýji güni. Dünýäniň birnäçe ýurdundan gelen teatrlaryň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara festiwalyň jemleýji güni Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda «Magtymguly — köňül guşy» atly sahna eseriniň görkezilişi boldy.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan esebi esasynda, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Eziz Işangulyýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan eser taryhy, psihologik drama, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan eserdir. XVIII asyrda türkmenleriň sosial — syýasy, ykdysady durmuşynda bolup geçen käbir taryhy wakalaryň we şol döwürde ýaşan şahyryň döredijiliginde naturalizmden, didaktizmden, mistisizmden, romantizmden tä realizme çenli bolup geçen ösüş we özgeriş yzarlanyp, wakalar biri-birine sepleşip gidýär.

Eserdäki wakalar dag etegindäki türkmen obasynda Nowruzyň gelmegi bilen ýaýbaňlanyp, şahyryň atasy Döwletmämmet Azadynyň ölümi bilen baglanyşykly gynançly wakalara sepleşip, kem-kemden çuňlaşýar, dartgynlaşýar. Halkyň sosial — syýasy durmuşyndaky nogsanlyklar açylýar.

Eser şahyryň içki oýlanmalary, pikirleri bilen ýöreýär. Ol ruhy ahwalata — Kutp-Pirleriň, Nagyşbendiniň, Azadynyň, Meňliniň, Şeýtanyň ruhy ahwalda duşuşýar we bu tär eseriň ynandyryjylygyny artdyrýar.

Eserde beýik Pyragynyň döredijiliginde bolup geçýän şunuň ýaly örän çylşyrymly özgerişligiň bolup geçiş pursatlarynyň görkezilýändigine garamazdan, awtora dürli çeperçilik tärlerini ulanmak bilen eseriň tomaşaçy üçin düşnükli we gyzykly bolmagyny gazanmak başardypdyr. Eseriň dili çeper, esasy gahrymanlaryň häsiýetleri işlenipdir, türkmen halkynyň däp-dessurlary görkezilipdir.