TEATR USSATLARYNYŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI


TEATR USSATLARYNYŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI



Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda dünýä döwletleri, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleri bilen diňe bir ykdysady ulgamlary bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyklar üstünlikli ýola goýulýar. Şu günler ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän halkara festiwallaryna, ylmy maslahatlaryna, medeniýet günlerine, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan döredijilik çärelerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri, mertebeli baýraklara mynasyp bolmaklary hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň halkara medeni syýasatynyň dünýä içre giňden dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Munuň şeýledigine, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 22-28-nji maýy aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Ýewroaziýa» atly I halkara festiwalyna gatnaşyp, bu halkara festiwalynyň kubogyna eýe bolmagy hem doly subut edýär.

Bu halkara teatr festiwalyna Türkmenistan, Fransiýa, Polşa, Russiýa Federasiýasy, Belorussiýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gruziýa, Gyrgyzystan, Täjigistan ýaly döwletleriň hem-de Özbegistanyň teatr döredijilik toparlary, belli teatr öwrenijileri, edebi tankytçylar, dramaturglar, režissýorlar we tanymal artistler gatnaşdylar.

Halkara festiwalynyň esasy tamamlaýjy gününde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň «Ömür daragty» sahna oýny teatr tomaşa muşdaklaryna ýetirildi hem-de üstünlikli ýerine ýetirilen sahna oýny «Ýewroaziýa» atly I halkara festiwalynyň kubogyna, diplomyna hem-de ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.

Mälim bolşy ýaly, teatryň bu sahna eseri türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri esasynda sahnalaşdyryldy. Sahna eserinde maşgala mukaddesligi, nesil terbiýesi hem-de köp müňýyllyk medeniýetli halkymyzyň milli däp-dessurlary giňden dabaralanýar. Eser Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky derek hakyndaky täsin rowaýatdan alyndy. Bu rowaýatda ýagşy adamlara mahsus bolan gowy häsiýetler, Watana, söýgä, dostluga, maşgala wepalylyk ýaly ýagşy häsiýetler hakynda gürrüň edilýär.

Teatr bilermenleri «Ömür daragty» sahna oýnunda türkmen halkynyň ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän medeni däpleriň esasynda maşgala mukaddesligi baradaky öňe sürülýän pikiriň halklary, adamzat neslini dostluga, jebislige, hoşniýetli gatnaşyga çagyrýandygyny aýratyn bellediler. Elbetde, sahna eserleri döwrüň ruhy aýnasy. Ol ýaş nesliň terbiýeçilik mekdebi. Sebäbi sahna oýnunda tutuş adamzadyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan dana baý halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary şöhlelendirilýär. Belent ynsanperwer pikir-garaýyşlary beýan edilýär. Hut sahna eserlerinde nesilleriň taryhy bitewiligi dabaralanyp, ajaýyp zamanamyzda gazanylýan beýik zähmet üstünlikleri we gymmatly ruhy ýörelgeleri dabaralanýar, halklaryň dostana gatnaşyklary, hoşmeýilli hyzmatdaşlygy giňden wagyz edilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda teatr sungatynyň giňden ösdürilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa artistleriň ussatlygynyň barha kämilleşmegine giň mümkinçilikleri berýär. «Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» ýaş sungat nesilleriniň döredijilik mümkinçilikleriniň giňden açylmagyna şertler döredilýär. Munuň ‘eýledigine, Daşkent şäherinde geçirilen «Ýewroaziýa» atly I halkara festiwalyna gatnaşan döredijilik toparynyň esasy böleginiň ýaşlardygy hem doly tassyklaýar. Türkmen teatrynyň festiwala hödürlän sahna oýnunda çykyş eden ýaşlaryň döredijilik ussatlygynyň talapkär teatr tomaşalaryňda, abraýly bilermenleriň alymlar tarapyndan aýratyn bellenilmegi diýseň buýsandyryjydyr.

Bu halkara teatr festiwalynyň çäginde şägirt-halypa däplerine eýerilip, tejribe alyş-ussatlyk sapaklary, döredijilik duşuşyklary, şeýle hem dünýä teatr sungatynyň ösüş ugurlaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahatlary geçirildi. Olarda teatr sungatynyň häzirki zaman ösüşinde gazanylýan döwrebap tejribeler, sahna oýnunyň saz, yşyk, bezeg işlerinde innowasion tehnologiýalary ulanmak babatynda sungat sapaklary geçirildi.

Halkara festiwalynyň meýilnamasyna laýyklykda, teatr artistleri, Özbegistanyň milli muzeýinde gezelenji guraldy. Onuň ýaş sungat nesilleri türkmen hem özbek halklarynyň umumy taryhy geçmişi, diliniň, dininiň we ruhy-medeni däpleriniň umumylyklaryny subut edýän gymmatly maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Muzeý gymmatlyklarynyň arasynda geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary bilen gatnan kerwenleriň üsti bilen dünýä ýaýran türkmen halkynyň şöhratly we baý taryhyndan söhbet açýan gymmatlyklaryň bolmagy aýratyn täsir galdyrdy. Munuň özi, bu halkara söwda ýolunyň ýüregi hem hereketlendirdiji güýjüne öwrülen eziz Watanymyzyň dünýäniň taryhynda tutýan ornuny aýdyň subut edýär.

Müňýyllyklaryň jümmüşinde dana pederlerimiziň sebitde alys hem-de goňşy halklar bilen asuda we parahat ýaşamak, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine wepaly bolmak ugrunda eden tagallalaryň hemişe goldap gelendigini, parahatçylygy dabaralandyrandygyndan habar berýär. Daşkent şäheriniň merkezindäki owadan tebigy künjeginde «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähine guralan gezelenç türkmenistanly teatr işgärlerinde aýratyn buýsanç döretdi.

«Ýewroaziýa» atly I halkara festiwalynyň gatnaşan teatr artistlerimiz öz çykyşlarynda şeýle halkara ähmiýetli medeni çärä gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmäge, ýurdumyzda teatr sungatynyň halkara ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine döredilýän beren ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Agamyrat BALTAÝEW.