SAHNA ESERLERINIŇ BÄSLEŞIGI:


SAHNA ESERLERINIŇ BÄSLEŞIGI:

LEBAP WELAÝATY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek, döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda ähli şertler döredilýär.

Şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen halk teatrlarynyň arasyndaky «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi dabaraly geçirilýär. Bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry hem ýokary guramaçylykly geçdi. Bäsleşik Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda hem-de Kerki etrap medeniýet merkezinde geçirilip, oňa welaýatyň şäher we etrap medeniýet merkezlerinde, şeýle hem oba medeniýet öýlerinde hereket edýän halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň 7-si gatnaşdy.

Halk teatrlarynyň döredijilik bäsleşiginiň maksady «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy mynasybetli dana Pyragynyň manyly ömür ýoluny we umumadamzat ähmiýetli döredijilik mirasyny sahna sungatynyň üsti bilen wagyz etmekden ybaratdyr.

Bäsleşik Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda hem-de Kerki etrap medeniýet merkezinde geçirilip, oňa welaýatyň şäher we etrap medeniýet merkezlerinde, şeýle hem oba medeniýet öýlerinde hereket edýän halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň 7-si gatnaşdy.

Bäsleşigi hödürlenen eserleriň esasy bölegi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinde akyldar şahyryň döredijilik dünýäsi barada ýazan parasatly jümleleri täze sahna oýunlarynyň hamyrmaýasy bolup hyzmat edýär.

Welaýatyň Çärjew etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Şygryýetiň nesillere çyragy, dilde dessan Magtymguly Pyragy» atly sahna oýnunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýeti» atly kitabynyň 91-nji sahypasyndaky Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, olar beýik akyl-paýhas taglymatydyr, ylym-bi;lim sapagydyr, danalaryň öz nesillerine öwüt-nesihatadyr» diýen dana sözleri çeper sözüň üsti bilen gyzykly wakalara utgaşdyrylyp şöhlelendirilýär. Oýunda sada oba oglany Magtymguly Pyragynyň ömürlere görelde, nesillere ýörelge mekdebi bolan şygyrlarynyň çeper okaýyşyny bäsleşigine taýýarlanýar. Ol ulaldygyça dana Pyragynyň köp şygyrlaryny ýatdan bilýän bu ýagdaý onuň özüniň hem şygyr düzüp, abraýly şahyr bolup ýetişmegine, täze-täze eserler döredip eziz Watanymyzy Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýär.

Saýat etrap Garabekewül şäher medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Synag» atly sahna oýnunda Magtymguly Pyragynyň şygryýet äleminiň täsinlikleri açylyp görkezilmäge synanyşylýar. Welaýatyň Saýat etrabynyň Sakar şäherçe medeniýet merkeziniň halk teatrynyň bäsleşige hödürlän «Magtymguly Pyragy» atly sahna oýnunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp eseriniň 43-nji sahypasyndaky «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikri-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we durmuş pelsepesidir»-diýen pähim-parasatly sözleri ýaňlanýar. Sahna oýnunda Magtymguly Pyragy bilen Durdy şahyryň «Habar ber –şeýledir» atly aýdyşygy ýaňlanýar.

Soňra oba jemagaty toý şatlygyny milli däp-dessurlary berjaý edip, aýdym-saza tomaşa edip, Magtymguly Pyragynyň täze şygyrlaryny dowam edýän ajaýyp pursatlary bilen dowam edýär.

Halaç etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Köňül nagşy» atly sahna oýnunda Gojaman Jeýhunyň kenarynda ýerleşýän Idris baba medresesinde akyldar şahyryň okan ýyllarynyň wakalary janlandyrylýar. Sahna oýnunda ýaş şahyryň pespälligi, ýiti zehinliligi hem-de uçursyz zähmetsöýerligi esasynda täze eserleri döredişi görkezilýär.

Hojambaz etrap medeniýet merkeziniň halk teatry bäsleşige ýaş dramaturg G.Körpäýewiň dramasy esasynda «Wepadarlyk» atly iki görnüşli sahna oýnuny hödürledi. Spektaklda dana Pyragynyň mertlik, batyrlyk, mukaddes söýgi hem-de wepalylyk baradaky şygyrlarynyň Jennet hem-de Ýakym atly ýaş juwanlaryň durmuş ýörelgesine öwrülişi, olaryň täze guran maşgala ojagynda her gün Magtymguly Pyragynyň bir şygryny okamagyň asylly däbe öwrülişi janlandyrylýar.

Kerki etrap medeniýet merkeziniň halk teatry şahyr Nobatguly Rejebowyň dramasy esasynda «Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerine» atly köp görnüşli sahna oýny bilen oba ýerlerinde ýaşaýan teatr muşdaklaryny begendirdi. Sahna oýnunda Magtymgulynyň çagalygy hem-de onuň ylahy zehine mynasyp bolup, ilkinji şygyrlaryny düzüşi hem-de öz mähribanlaryna okap berip, olaryň köňül guşlaryny ganatlandyryşy örän täsirli çeper wakalaryň üsti bilen janlandyrylýar. Soňra şahyryň şygyrlarynyň dilden-dile geçip, dürli ýurtlarda meşhur bolmagy gyzykly wakalaryň üsti bilen görkezilýär.

Saýat etrap medeniýet merkeziniň halk teatry bu döredijilik bäsleşigine M.Jumagulyýewiň dramasy «Il içinde Pyragy» atly iki perdeli sahna eserini taýýarlap merdana oba zähmetkeşlerini begendirdi. Sahna oýnunda dana Pyragynyň syýahat eden döwletleri, gören täsin zatlary, dürli halklaryň dili ruhy we durmuş ýörelgeleri bilen tanşyşy hem-de olardan alan täsirlerini ajaýyp şygyrlaryna siňdirişi şöhlelendirilýär. Sahna oýny dana Pyragynyň pelsepewi şygyrlarynyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli dillere terjime edilip, akyldar şahyryň syýahat eden ýurtlarynda täze ömür dowamatyna gowuşmagy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän asyrlara ýaň saljak tagallalaryna alkyşlara aýtmak bilen jemlenýär.

Umuman, döredijilik bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyryna gatnaşan halk teatrlarynyň döredijilik toparlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň esasynda Magtymguly Pyragynyň manyly ömür ýoly bilen bagly durmuşy wakalary, şeýle hem şygyr äleminiň ägirdiniň adamzadyň ruhy baýlygyna öwrülen şygyrlarynyň pelsepe-taglymatyny giňden wasp etdiler.

Bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan Lebap welaýatynyň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Sakar şäher medeniýet merkeziniň, Kerki etrap medeniýet merkeziniň, Saýat etrap medeniýet merkeziniň halk teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň sahna eserleriniň çuň mazmunly we aýratyn täsirlidigini bellediler hem-de bu döredijilik toparlary ýurdumyzda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen halk teatrlarynyň arasyndaky «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyrynyň degişlilikde 1,2,3-nji orunlara mynasyp bolandygyny yglan etdiler.

Bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşan döredijilik toparlaryna hem-de aýratyn tapawutlanan artistlere Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary hem-de welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.

Medeniýet we sungat işgärleri milli medeniýetimizi, halkara teatr gatnaşyklarynyň ösmegine giň şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolmagyny arzuw etdiler!



Agamyrat BALTAÝEW