TEATRLARYŇ WE SIRKLERIŇ TÄZE MÖWSÜMI


TEATRLARYŇ WE SIRKLERIŇ TÄZE MÖWSÜMI

Mälim bolşy ýaly dünýäniň teatr we sirk sungatynda her ýylyň güýzünde täze döredijilik möwsümini dabaraly açylmagy asylly däbe öwrülip geldi. Munuň özi, sahna oýunlarynyň we sirk tomaşalarynyň muşdaklaryny diýseň begendirýär. Çünki her ýylyň täze döredijilik möwsümi täze eserleri tomaşaçylara eçilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň iýun aýynda gojaman Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni seýilgäh toplumynyň çäklerine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşan-da, akyldar şahyrymyz, türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, türkmen edebiýaty barada dürdäne pikirleri aýdypdy, nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip toýlanjakdygy barada belläp, täze döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryny okap beripdi. Şonda baş halypamyz Gahryman Arkadagymyz 1-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli teatrlarda Magtymguly Pyragynyň eserleri esasynda sahnalaşdyrylan spektakllaryň ýaşlara görkezilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny öwüt-nesihat etdi. Gahryman Arkadagymyzyň beren öwüt-ündewlerine eýerip, «Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň teatrlarynda hem-de sirklerinde täze döredijilik möwsümini beýik akyldaryň ömür-döredijiligine bagyşlanyp döredilen sahna oýunlary hem-de sirk tomaşalary bilen açmak meýilleşdirildi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyzyň döredijiligine goýýan hormat-sarpasy, ilkinji nobatda, türkmen hakynyň adamzat nesillerine nusgalyk bolan milli ruhuna ýapylan beýik serpaýdyr.

Teatrlaryň döredijilik işgärleriniň beýik akyldaryň manyly ömür ýoluna we döredijilik mirasyna bagyşlanan sahna eserlerini döretmekleri Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilmegine özboluşly goşant bolýar.

Täze sahna oýunlarynyň aglabasy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dana paýhasyndan dörän çuň mazmunly eserleriniň esasynda döredilip, olarda Magtymguly Pyragynyň manyly ömür ýoly bilen bagly durmuşy wakalar, şeýle hem şygyr äleminiň ägirdiniň adamzadyň ruhy baýlygyna öwrülen şygyrlarynyň pelsepe-taglymatyny giňden wasp edilýär.

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň «Magtymguly köňül guşy» atly sahna oýny bilen teatrysöýüjilere gapylaryny giňden açar. Bu sahna oýnunda Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azady, ruhy halypasy Nagyşbendi, dosty Durdy şahyr, aşyk gyzy Meňli bilen aýdyşyklary hem-de şol döwrüň çylşyrymly wakalarynyň çatrygynda şahyryň şygyrlarynyň halkyň ruhy şamçyraga öwrülmegi bilen bagly wakalar tomaşaçylarda beýik watanperwerlik, halal zähmet, ynsanperwerlik, maşgala mukaddesligi, söýgä wepadarlyk ýaly beýik adamçylyk duýgularyny barha joşdurdy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary esasynda «Pursat» atly täze sahna oýny bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenýär. Şowhunly aýdym-saz eserleri bilen utgaşyp gidýän wakalaryň jümmüşinde Magtymguly Pyragynyň döredijilik äleminiň syrlaryny çözlemäge synanşylýar. Bu tomaşa sahna oýnunda Pyragynyň şygyrlaryny düzmäge girişinde düşýän ahwaly – eziz Watanymyza aşyklygy, zenan mertebesine hormaty, halkyň agzybirligine bolan pelsepewi garaýyşlary çeper şöhlelendirilýär.

Arkadag şäheriniň A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Älem nury» atly sahna oýny tomaşaçylara hödürleýär. Sahna oýnunda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň adamzada gönükdirilip ýazylan agzybirlik, jebislik, halallyk, bagtly durmuşa we geljege bolan uly umyt, ýaşlary watansöýüji ruhda terbiýelemäge çagyrýan eserleri «Reýgan eýledi» we «Ak it kyldy ýaranlar» atly poemalaryna siňen rowaýatlarynyň manysyny çözlemek arkaly çeper görkezilýär. Türkmenistanyň milli Alp Arslan adyndaky drama teatry sungat muşdaklaryny Gadam Kakabaýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Akyldar» atly monospektakly tomaşa etmäge çagyrýar. Bu eserde Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eseriniň 23-nji sahypasyndaky «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýen jümleleriniň ylmy-pelsepewi kökleri dabaralandyrylýar.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatry Türkmen döwlet medeniýet institutynyň dramaturgiýa bölüminiň talyby K.Sarenkonyň «Ýegdir, galsa at ýagşy» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan sahna oýny talyp ýaşlary begendirer. Bu sahna oýnunda Magtymguly Pyragynyň Şirgazy medresinde okan döwürleri janlandyrylýar. «Şägirt» lakamyna mynasyp bolan ýaş Magtymguly ussadyndan öwrenen ylmyny şygra siňdirip, halypasyndan ozduryşy täsirli çeper wakalaryň üsti bilen görkezilýär.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda M.Mämmetgurbanowyň «Türkmeniň bagty» atly pýesasy esasynda O.Wolkowanyň sahnalaşdyran sahna eseri tomaşaçylara hödürlenýär. Oýunda türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň ynsan kalbyna şuglasyna çaýýan pähim-paýhasynyň dünýäde dabaralanýandygy, adamzat nesilleriniň türkmeniň akyldar ogluna bolan belent hormat-sarpanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän gyzykly wakalar çeper beýan edilýär.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary «Ýartygulak» atly gurjak oýny bagtyýar çagalara baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Gurjak oýnunda parasatly Pyragynyň nakyla öwrülen setirleriniň üsti bilen ene-ata, mugallym-halypalara hormat-sylag, tebigata bolan söýgi wasp edilýär.

Täze teatr we sirk möwsümi welaýatlarymyzyň teatrlarynyň sahanalarynda hem dabaraly açylyp, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ruhy joşguny döreder. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Öwezmämmet Galandarowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Dowamatdyr, bagtyýardyr, sarsmaz türkmen binasy» atly sahna oýny bagtyýar balkanly watandaşlarymyza görkezilýär. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Budur türkmen binasy», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda belli şahyr Nobatguly Rejebowyň dramasy bolan «Magtymguly, düşdiň yşgyň güzerine», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «Arzuwlan eýýamyň geldi, Pyragy» atly sahna oýunlary ilkinji gezek teatr muşdaklaryna hödürlener.

Täze teatr we sirk möwsüminiň dabaraly açylyş gününde ýurdumyzyň sirklerinde täze tomaşalar taýýarlanyň sirk sungatynyň täsinliklerini söýüjileri begendirdi. Türkmenistanyň döwlet sirkinde «Ganatly bedewler» atly sirk tomaşasy guralýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täsinlikleri söýýän sungat muşdaklaryna «Galkynyşlaň öwşüni sen, Arkadag!» atly sirk tomaşasynyň görkezilýär.

Mundan başga-da, altyn güýzüň ilkinji gününde badalga berilýän teatr we sirk möwsüminiň açylyş dabarasy mynasybetli sungat aşyklary üçin ata Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, täze taryhy eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzy beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzy durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny wasp edýän aýdymlary belentden ýaňlanar aýratyn täsirli bolar.

Görnüşi ýaly, täze teatr we sirk möwsüminiň açylmagy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde beýik söz ussadynyň ömür we döredijiligine bagyşlanan sahna oýunlary, sirk tomaşalary bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenmegi 1-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli özboluşly toý sowgady bolar.

Bagtyýar watandaşlarymyzy, mähriban ýaşlarymyzy täze teatr we sirk möwsüminiň dabaraly açylyşlaryna tomaşa etmäge çagyrýarys.

Agamyrat BALTAÝEW