SAHNA ESERLERINIŇ BÄSLEŞIGI:


SAHNA ESERLERINIŇ BÄSLEŞIGI:

MARY WELAÝATY

Şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen halk teatrlarynyň arasyndaky «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi dabaraly geçirilýär. Munuň özi, oba ýerinde merdana zähmet çekip, Watanymyzyň ösmegine saldamly goşant goşýan bagtyýar Watandaşlarymyza edilýän medeni hyzmatyň derejesini barha ýokarlandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda teatr sungatynyň milli mekdebiniň döremegine bir asyr bolup barýar. 1926-njy ýylda açylan döwlet drama teatrynda ilkinji sahna eseri «Zöhre-Tahyr» spektakly görkezilipdi. Şol döwürden bäri oba medeniýet öýlerinde hereket edýän halk teatrlarynda dürli temalar boýunça sahnalaşdyrylan spektakllar teatr muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp bolup, armasyny ýetirip gelýär. Halk teatrlaryna işjeň gatnaşan çeper höwesjeňleriň ýüzlerçesi soňra sahna sungatyna ykbalyny baglan meşhur artistler bolup ýetişdiler.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy mynasybetli halk teatrlarynyň arasyndaky döredijilik bäsleşigi dana Pyragynyň manyly ömür ýoluna we umumadamzat ähmiýetli döredijilik mirasyna bagyşlandy. Bäsleşigi hödürlenen eserleriň aglabasy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň öňe sürülýän çuň pelesepeli pikirleriniň esasynda sahnalaşdyrylypdyr.

Döredijilik bäsleşiginiň Mary welaýat tapgyryna gatnaşan halk teatrlarynyň döredijilik bäsleşigi ýokary guramaçylykly geçirildi. Bäsleşige welaýatyň şäher we etrap medeniýet merkezlerinde, şeýle hem oba medeniýet öýlerinde hereket edýän halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň 15-sI gatnaşdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eseriniň 88-nji sahypasynda juda jaýdar belleýşi ýaly «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, il-ulus, Watan hakyndaky köňül owazlary alyslara ýaň saldy». Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Pyragynyň arzuwlan zamana geldi» atly sahna oýnunda atalarymyzyň berkarar döwlet gurmak, bir supranyň daşyna jem bolup, agzybirlikde ýaşamak baradaky arzuwlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen amala aşyrylýandygy giňden wasp edilýär. Magtymgulynyň Watana bolan beýik söýgüsi siňen şygyrlarynyň çeper okalmagy arkaly oba jemagatynyň toý däplerini berjaý etmegi bilen utgaşdyrylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz paýhas eleginde eýlenip çykan «Ýaşlar—Watanyň daýanjy» atly eseriniň 191-nji sahypasynda «Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Magtymgulynyň öz şygyrlarynda ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýaly. Onuň watançylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri ideýa-mazmun taýdan güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeçilik ähmiýete eýedir»-diýip beýik söz ussadynyň döredijilik mirasyny ýokary baha berýär. Halk teatrlarynyň Mary welaýat tapgyryna Tagtabazar etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň «Keremli kalbyň owazy» atly sahna oýnunda dana Pyragynyň döredijilik dünýäsini şahyryň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlarynyň çeper okaýşy gyzykly wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Sahna oýnunda ýagşy gylygyň ynsany döwlet-rysgala ýetirişi wagyz edilýär. Bir oba oglanyna Döwletmämmet Azadynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyr setirleriniň üsti bilen berýän öwüt-ündewleriniň onuň dünýägaraýşynyň baýlaşmagyna, halanmaýan endiklerden daşlaşmagyna ýardam edişi täsirli janlandyrylýar.

Murgap etrabynyň halk teatrynyň «Magtymguly» atly sahna oýnunda dana şahyryň öwüt-ündewleri goja kişiniň ýetginjek oglana aýlawly pikirler arkaly berýän öwüt-nesihatlary beýan edilýär. Pyragynyň «Hudaý berse sagadatly bir perzent, Garrygan çagyňda ýäş eder seni»-diýen setirleri ýaş ýigidiň ykbal şamçyragyna öwrülişi gyzykly durmuş wakalarynyň üsti bilen şöhlelendirilýär.

Tagtabazar etrabynyň 2-nji halk teatrynyň ýaş dramturg Allaguly Klyçewiň «Ylhamly göwün» atly sahna oýnunda Magtymguly Pyragynyň çagalyk ýyllary janlandyrylyp, spektaklda dana şahyryň erenlerden ak pata alyp, milli edebiýatyň ösüşine goşant goşmakdaky yhlaslary janlandyrylýar.

Ýolöten etrap halk teatrynyň şahyr Nobatguly Rejebowyň «Jemşidiň jamy» atly pýesasyny sahnalaşdyrypdyr. Dramada akyldar şahyryň şygyrlarynyň özüne mahsus owadanlygy we çeper täsirliligi bilen halkymyzyň ruhy durmuşynyň ajaýyplyklaryny biziň döwrümize ýetirişi wasp edilýär. Spektaklda dana Pyragynyň watançylyk, agzybirlik, şeýle hem edep-ahlak gymmatlyklary baradaky pikirleri sahna wakalarynyň içinde eriş-argaç bolup geçýär.

Garagum etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Magtymguly–Hakdan içen» şahyr atly spektaklynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan köňlüniň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynyň 18-nji sahypasyndaky «Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy»-diýýän ajaýyp pikirlerini dabaralandyrylýar. Artistleriň janlandyran keşplerinde asyrlar aşyp gelen milli däp-dessurlarymyzyň çuň pelsepesi dana Magtymgulynyň şygyrlarynyň çeper okaýyşlarynyň üsti bilen açylyp görkezilýär.

Mary welaýat medeniýet merkeziniň B.Püriýew adyndaky halk teatrynyň sahnalaşdyran «Magtymguly–şygryýetiň şamçyragy» atly sahna eserinde Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şirin şygryny okap bermegi bilen başlanýar. Bu ajaýyp şygyrdaky:

Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri-
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary-
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy-


diýen ajaýyp sözler dana Pyragynyň öwüt-ündewe beslenen şygyr setirleri bilen utgaşdyrylyp, sahna wakalarynyň üsti bilen janlandyrylýar.

Baýramaly etrap bölüminiň Murgap geňeşligindäki oba medeniýet öýüniň bäsleşige hödürlän Nurgeldi Söýünowyň ýazan dramasy esasysynda sahnalaşdyrylan «Söýmüşem seni» atly sahna oýnunda Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eseriniň 23-nji sahypasynda beýan edilýän «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr»-diýen parasatly pikirleri sahnada çeper beýanyny tapýar. Sahnada höwesjeň artistleriň Şirgazy medresesinde okap öz dogduk obasyna dolanan Magtymgulynyň Meňli bilen duşuşygynda asylzada türkmen zenanyň söwer ýaryna wepalylygyny hem maşgala ojagyna mähribanlygyny wasp edip okaýan şygyrlarynyň çeper tasirliligi tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Türkmengala etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň sahnalaşdyran «Sahypjemal» atly sahna oýnunda hem ýaş Magtymgulynyň jigisi Zübeýda bilen Meňlä gyza hat ýazyp ugradyşy, öz ýasan gülýakasyny sowgat berşi çeper janlandyrylýar. Sahnada dan Pyragynyň Meňli gyzy Aýa, Güne, bägüle, Sumrug guşa meňzedip wasp edişi türkmen zenanyň mertebesini barha belende göterýär.

Magtymguly atamyzyň Meňli gyza egsilmez söýgüsi Tagtabazar etrap medeniýet bölüminiň 4-nji halk teatrynyň döredijilik toparynyň bäsleşige hödürlän «Aglap Meňli hanym galdy» atly sahna eserinde hem öz beýanyny tapýar. Sahna oýnunda waka şahyryň Meňli gyza ýüzük ýasap oturan pursatynda düzen täze şygryny okap bermegi bilen başlanýar. Durmuşy wakalaryň jümmüşinde Magtymguly Pyragy türkmen zenanyň gözelligini, söýgüsine wepalylygyny, mähremligini taryplaýar.

Baýramaly etrap medeniýet merkeziniň halk teatrlarynyň döredijilik toparlan sahnalaşdyran «Üşüklä erenler ýarandyr» atly sahna oýnunda dana Pyragynyň zergärçilik ussatlygy şahyryň milli mirasymyzy wasp eden şygyrlarynyň mazmunyny bilen utgaşdyrylýar. Sahnada beýik söz ussadynyň ezberlik bilen ýasaýan şaý-seplerinde türkmen gelin-gyzlarynyň içki dünýäsiniň nepislik bilen beýanyny tapyşy açylyp görkezilýär. Magtymguly Pyragynyň zergärçilik ussatlygy Mary etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Zergär şahyr–Magtymguly Pyragy» atly sahna oýnunda hem giňden dabaralandy. Bu spektaklda Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eseriniň 12-nji sahypasynda beýan edilýän «Beýik akyldar şahyrymyz Pyragy hem öz döwründe zergärçilik ýaly inçe sungata köp höwes we yhlas siňdirdi»-diýen çuň manyly sözleri çeper wakalaryň sazlaşygynda şöhlelendirilýär.

Döredijilik bäsleşigine Sakarçäge etrap medeniýet merkeziniň gurjak halk teatry hem döredijilik sowgatly geldi. Bu döredijilik toparynyň taýýarlan sahna oýnunyň wakalary Magtymguly Pyragy baradaky rowaýatlar esasynda düzülipdir. Onda Magtymgulynyň çaga wagty dowarlary idedişi hem-de türkmen alabaý itine bolan hormaty beýan edilýär. Gurjak oýununda körpe çagalara beýik söz ussady Magtymgulynyň watanperwerlik, dostluk hem-de ene-ata hormaty ýaly kämil ahlak-edep ýörelgelerimiz wagyz edilýär.

Umuman, bäsleşige gatnaşan halk teatrlary döredijilik toparlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň esasynda Magtymguly Pyragynyň manyly ömür ýoly bilen bagly durmuşy wakalary, şeýle hem şygyr äleminiň ägirdiniň adamzadyň ruhy baýlygyna öwrülen şygyrlarynyň pelsepe-taglymatyny giňden wasp etdiler.

Bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap medeniýet merkeziniň, Tagtabazar etrap medeniýet merkeziniň, Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň halk teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň sahna eserleriniň çuň mazmunly we aýratyn täsirlidigi bellenildi hem-de degişlilikde 1,2,3-nji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşan döredijilik toparlaryna hem-de aýratyn tapawutlanan artistlere Mary welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary hem-de welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.

Medeniýet we sungat işgärleri milli medeniýetimizi, halkara teatr gatnaşyklarynyň ösmegine giň şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza hoşallyklaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolmagyny arzuw etdiler!

Agamyrat BALTAÝEW