TEATR–JADYLY DÜNÝÄ


TEATR–JADYLY DÜNÝÄ

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy mynasybetli döwlet we halkara derejesindäki çäreler ýokary guramaçylykly geçirilýär. Akyldar şahyrymyzyň ömür-döredijiligine bagyşlanan täze sahna eserleriniň, kinofilmleriň onlarçasy döredilip, olarda dana Pyragynyň döredijiliginiň adamzat ähmiýeti, şahyryň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsi, il-gününiň ykbalyna baglanan pelsepewi oýlanmalary, şeýle hem Magtymgulynyň ömür-döredijiligi barada alymlar tarapyndan ýüze çykarylýan täze maglumatlar çeper sahna sungatyň üsti bilen wasp edildi.

Şu günler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dabaralandyrmak maksady bilen halk teatrlarynyň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi geçirilýär. Ýakynda bu döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry hem ýokary guramaçylykly geçirilip, oňa welaýatyň şäher we etrap medeniýet merkezlerinde, şeýle hem oba medeniýet öýlerinde hereket edýän halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň 11-si gatnaşdy.

Döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda hem-de welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçesindäki döwrebap medeniýet öýünde geçirildi. Bäsleşige gatnaşan döredijilik toparlarynyň sahna eserleri mazmun we çeperçilik taýdan özboluşlylygy bilen tapawutlandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada aýdýan pikirleri, bu günki gün teatr sungatynyň işgärleri üçin täze sahna eserlerini döretmekde ylham çeşmesine öwrülýär. Şoňa görä-de, baş halypamyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň mazmunly eserleri akyldar şahyrymyzyň we milli medeniýetimiziň ruhuny döwrüň beýikligine kybaplykda janlandyrmakda nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär. Munuň şeýledigini döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyryna gatnaşan halk teatrlarynyň sahna oýunlarynyň mazmuny aýdyň subut edýär.

Bereket etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň bäsleşige hödürlän G.Daňatarowyň «Magtymguly, aşyk mestan» atly sahna eserinde Şirgazy medresesinde okap bilim alan şahyr Pyragynyň dogduk obasy Gerkeze gelmegi bilen bagly şatlykly toý pursatlary janlandyrylýar. Täsirli wakalara beslenen bu sahna eserinde Pyragynyň medrese okan ýyllary eziz Watanyny küýsäp ýazan ajaýyp şygyrlaryny, şeýle hem «Hoş gal, gözel Şirgazy» atly eserini okamagy sahna oýnunyň täsirliligini barha belende göterdi.

Esenguly etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň dramaturg G.Kakabaýewiň eseri esasynda sahnalaşdyran «Magtymguly Pyragy» atly sahna oýnunda akyldar şahyryň syýahat eden ýurtlary, olardaky wakalar hem-de şahyryň pelsepe dünýäsinde ynsan tebigatyna goýulýan belent sarpa wasp edilýär. Eserde dana şahyryň şygyrlarynyň watansöýüjilik ähmiýetli setirleri aýdym-saz, toý döwresiniň şatlykly wakalary bilen utgaşdyrylyp ýaňlanýar. Bu sahna oýny ýaşlaryň watansöýüjilik ruhyny barha joşdurdy.

Döredijilik bäsleşigine Etrek etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň hödürlän «Aýralyk dagy» atly sahna oýnunda Magtymgulynyň çagalyk döwri janlandyrylýar. Sahna eseri Döwletmämmet Azadynyň döwletli maşgalasynda ogul çaganyň dünýä inmegi bilen başlanýan şatlykly wakalara beslenýär. Magtymgulynyň mähriban kyblasy Azada bagyşlap ýazan şygyrlarynyň çeper okalmagy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Hazar şäher medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Dowamatdyr, bagtyýardyr, sarsmaz türkmen binasy» atly sahna eserinde dana şahyryň beýik watanperwerligi wasp edilýär. Magtymguly Pyragy baradaky halkyň dilinden ýazylyp alnan rowaýatlar esasynda döredilen bu sahna oýnunda Pyragynyň Hywa hany bilen duşuşygy hem-de oňa öz dogduk mekany, türkmen iline bagyşlap ýazan şygyrlaryny okap berşi çeper janlandyrylýar. Eserde dana şahyryň döredijiligine il-günüň goýýan beýik sarpasy dabaralandyrylýar.

Halk teatrlarynyň döredijilik bäsleşigine Gyzylarbat etrap medeniýet bölümine degişli halk teatrlary ýokary taýýarlykly gelendigi bilen tapawutlandylar. Gyzylarbat etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Magtymguly Pyragy» atly sahna oýnunda nusgawy şahyrymyzyň eserleriniň many-mazmunyna siňen watanperwerlik pelsepesi çeper şöhlelendirildi. Dana şahyryň eserleriniň bagtyýar ýaşlarymyz üçin watansöýüjilik, merdanalyk, päk ahlaklylyk, ahlak durnuklylyk terbiýesi üçin durmuş mekdebine öwrülendigi wagyz edilýär

Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçe döwrebap oba medeniýet öýünde hereket edýän halk teatrynyň döredijilik bäsleşigine hödürlän «Akyldar şahyrym, Magtymguly sen» atly drama eserinde bolsa G.Kulyýewiň «Magtymguly» atly kitabynda beýik söz ussadynyň ömri we döredijiligi bilen bagly beýan edilýän täsirli wakalar janlandyrylýar. Ýaş tomaşaçylar üçin niýetlenen bu sahna eserinde dana şahyryň türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, belent daglara beslenen ajaýyp tebigatyna hem-de parasatly pederlerimiziň asyrlar aşyp gelen döwletlilik ýörelgelerimize bagyşlan şygyrlary çeper dilde okalýar.

Gyzylarbat şäher medeniýet merkeziniň halk teatrynyň belli ýazyjy G.Gurbansähedowyň adybir eseri esasynda sahnalaşdyran «Meňli» atly sahna oýnynda dan Pyragynyň aşygy Meňli gyza bagyşlan şygrynyň mazmunyna siňen çuň pelsepeler çeper şöhlelendirilýär. Sahna oýnunda janlandyrylýan şahyryň durmuşy bilen utgaşyp gidýän täsirli wakalarda mukaddes söýgi, atalarymyzyň özbaşdak döwlet gurup, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamak baradaky arzuwlary beletden wasp edilýär.

Magtymguly etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň döredijilik bäsleşigine hödürlän drama eseri «Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylýar. Sahnada dana şahyryň aýak yzlary, ruhy siňen Gerkez obasy janlandyrylyp, onda Pyragynyň dost-doganlygy wagyz-ündew edýän şygyrlary ýaňlanýar. Şahyryň Derwüş sypatyna giren dosty Nury Kasym bilen guran filosofiki söhbetdeşligi, akyldaryň suhangöýlik bilen aýdýan sygyr setirleri ýaşlarda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryna çuň hormat goýmagy terbiýeleýär.

Türkmenbaşy şäheriniň «Altyn asyr» halk teatrynyň dramaturg J.Hudaýgulyýewiň eseri esasynda sahnalaşdyran 6 görnüşli «Oguz rowaýaty» atly sahna oýnunda gadymy oguz ilinde Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň belentden tutulýandygy sahna wakalarynyň üsti bilen tomaşaçylara görkezilýär. Sahna oýnunda ajaýyp zamanamyzda beýik söz ussadynyň döredijilik dünýäsini öwrenmekde döwletimiz tarapyndan edilýän tagallalar waspy ýetirildi.

Döredijilik bäsleşigine «halk teatry» adyna eýe bolan gurjak drama toparlarynyň ikisi gatnaşdy. Türkmenbaşy şäheriniň «Ýartygulak» atly halk gurjak teatrynyň «Horaz we Alabaý» hem-de Magtymguly etrap medeniýet merkeziniň halk gurjak teatrynyň «Gaýry Watan islemen» atly sahna oýunlarynda körpe çagalara beýik söz ussady Magtymgulynyň watanperwerlik, dostluk hem-de ene-ata hormaty ýaly kämil ahlak-edep ýörelgelerimiz wagyz edilýär.

Umuman, bäsleşige gatnaşan döredijilik toparlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň esasynda Magtymguly Pyragynyň manyly ömür ýoly bilen bagly durmuşy wakalary, şeýle hem şygyr äleminiň ägirdiniň adamzadyň ruhy baýlygyna öwrülen şygyrlarynyň pelsepe-taglymatyny giňden wasp etdiler.

Halk teatrlarynyň bäsleşige hödürlän sahna oýunlary mowzuk we çeperçilik taýdan tapawutlanyp, olara tomaşa eden oba zähmetkeşleriniň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap medeniýet merkeziniň, Gyzylarbat şäher medeniýet merkeziniň, şeýle hem Türkmenbaşy şäher medeniýet merkeziniň «Altyn asyr» halk teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň sahna eserleriniň çuň mazmunly we aýratyn täsirlidigi bellenildi hem-de degişlilikde 1,2,3-nji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşan döredijilik toparlaryna hem-de aýratyn tapawutlanan artistlere Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary hem-de welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.

Medeniýet we sungat işgärleri milli medeniýetimizi, halkara teatr gatnaşyklarynyň ösmegine giň şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza hoşallyklaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlary aman bolmagyny arzuw etdiler!



Agamyrat BALTAÝEW