HALK TEATRLARYNYŇ DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ DÖWLET TAPGYRY GEÇIRILDI


HALK TEATRLARYNYŇ DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ DÖWLET TAPGYRY GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek, döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda ähli şertler döredilýär. Şundan ugur alnyp, 2024-nji ýylyň 12-13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen halk teatrlarynyň arasyndaky «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry ýokary guramaçylykly geçirilýär.

Halk teatrlarynyň döredijilik bäsleşiginiň maksady «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy mynasybetli dana Pyragynyň manyly ömür ýoluny we umumadamzat ähmiýetli döredijilik mirasyny sahna sungatynyň üsti bilen wagyz etmekden ybaratdyr.

Bäsleşigi hödürlenen eserleriň aglabasy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerindäki akyldar şahyryň döredijilik dünýäsi barada ýazan parasatly jümleleri täze sahna oýunlarynyň hamyrmaýasy bolup hyzmat edýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyň täze eserleriň sahnalaşdyrylmagy oba ýerinde merdana zähmet çekip, Watanymyzyň ösmegine saldamly goşant goşýan bagtyýar Watandaşlarymyza edilýän medeni hyzmatyň derejesini barha ýokarlandyrýar.

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry köp tomaşaly boldy. Bu baýry medeni ojaga ýurdumyzyň belli halypa artistler, režisýorlar, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty bölüminde bilim alýan bagtyýar bagtyýar talyp ýaşlar, professor-mugallymlar, şeýle hem ýurdumyzyň halk teatrlarynyň artistleri hem-de döredijilik işgärleri jemlendiler. Ilki bolup, halk teatrlarynyň arasyndaky «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça ýeňijisi Magtymguly etrap medeniýet merkeziniň halk teatry «Magtymguly Pyragy» atly spektakl bilen çykyş etdi. Sahnada dana şahyryň aýak yzlary, ruhy siňen Gerkez obasy janlandyrylyp, onda Pyragynyň dost-doganlygy wagyz-ündew edýän şygyrlary ýaňlanýar. Şahyryň Derwüş sypatyna giren dosty Nury Kasym bilen guran filosofiki söhbetdeşligi, akyldaryň suhangöýlik bilen aýdýan sygyr setirleri ýaşlarda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryna çuň hormat goýmagy terbiýeleýär.

Soňra sahnada döredijilik bäsleşiginiň Daşoguz welaýaty boýunça ýeňijisi Akdepe etrabynyň Andalyp şäherçe medeniýet bölüminiň halk teatrynyň döredijilik topary «Magtymguly» atly bäş görnüşli sahna oýny bilen çykyş etdiler. Spektaklda dana Pyragynyň adamzada ýüzlenip, ýazan serlerinde watanperwerlik, berkarar döwlet, dünýäde parahatçylyk, asudalyk hem halklaryň agzybirligi ýaly mowzuklardan ýazan şygyrlarynyň çuň manysy çeper wakalar arkaly beýan edildi.

Günüň ikinji ýarymynda döredijilik bäsleşiginde Lebap welaýaty boýunça ýeňiji bolan Saýat etrabynyň Saka şäher medeniýet merkeziniň halk teatrynyň ««Magtymguly şahyr» atly atly sahna oýnunda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp eseriniň 43-nji sahypasyndaky «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikri-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we durmuş pelsepesidir» - diýen pähim-parasatly sözleriniň pelsepesi giňden açylyp görkezilýär. Oýnunda Magtymguly Pyragy bilen Durdy şahyryň «Habar ber – şeýledir» atly aýdyşygy ýaňlanýar. Gojaman Jeýhunyň kenarynda ýerleşýän Idris baba medresesinde akyldar şahyryň okan ýyllarynyň wakalary janlandyrylýar. Sahna oýnunda ýaş şahyryň pespälligi, ýiti zehinliligi hem-de uçursyz zähmetsöýerligi esasynda täze eserleri döredişi görkezilýär.

Döredijilik bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça ýeňijisi bolan Sakarçäge etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Hakda halatly şahyr» atly sahna oýnunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerindäki akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi barada ýazan parasatly jümleleriniň mazmuny giňden açylyp görkezilýär. Sahnada Şirgazy medresesinde okap, öz dogduk obasyna dolanan Magtymgulynyň Meňli bilen duşuşygynda asylzada türkmen zenanyň söwer ýaryna wepalylygyny hem maşgala ojagyna mähribanlygyny wasp edip okaýan şygyrlarynyň çeper tasirliligi tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Agşamara ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda geçirilen «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» aty döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň «Köňül guşy» atly sahna oýnuna tomaşa etdiler.

Döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda dowam etdi. Onda Ahal welaýatynyň Kaka etrap medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň «Meňli ýara sataşyp» atly sahna oýnunyň görkezildi. Bu sahna oýnunda akyldar şahyryň okan-bilim alan medreseleri barada baý maglumatlary tomaşaçylara ýetildi hem-de dana şahyryň Meňli gyza mukaddes söýgüsi dabaranlandyryldy.

Şol gün ýurdumyzyň halk teatrlarynyň döredijilik işgärleriniň, welaýat, etrap medeniýet müdirleriniň, halk teatrlary boýunça jogapkär hünärmenleriniň, welaýat teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň, halypa artistleriň, režisýorlaryň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» fakultetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Halk teatrlarynyň işini guramagyň täzeçe usullary hem-de öňde durýan wezipeler» atly iş maslahaty geçirildi.

Mahlasy halk teatrlarynyň döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berlen döwrebap oba medeniýet öýlerinde hereket edýän halk teatrlarynyň tomaşaçylara görkezen gyzykly sahna oýunlaryna baý boldy. Bäsleşigiň çäginde ýaş artistleriň halypa aktýorlardyr döredijilik işgärleri bilen döredijilik duşuşyklaryny geçirmäge, ussatlyk sapaklaryny geçip, tejribe alyşmaga-da mümkinçilikler döredildi.

Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri boýunça tejribeli artistlerden, režissýorlardan düzülen emin agzalary ýeňijileri kesgitlediler. Olar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgady bilen sylaglandylar.

Bäsleşigiň baş baýragyna Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň, 1-nji orna Ahal welaýatynyň Kaka etrap medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň, 2-nji orna Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet bölüminiň halk teatrynyň, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň hem-de Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet merkeziniň halk teatrynyň döredijilik toparlary mynasyp boldular.

Mundan başga-da, döredijilik bäsleşigine gatnaşan halk teatrlarynyň işgärleri iň köp sahna oýnuny görkezip, ýokary netije gazanandygy üçin: Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap medeniýet bölüminiň Halk teatrynyň režissýory Myrat Gurbannyýazow, Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet merkeziniň halk teatryndan Leýli Annageldiýewa, Erkek kişiniň keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap medeniýet merkeziniň halk teatryndan Begmyrat Pyşşyýew, Suratkeşiň iň oňat işi üçin: Ahal welaýatynyň Kaka etrap medeniýet bölüminiň Teatr studiýasynyň sahna bezegçisi Döwran Gurbanow, Režissýoryň iň oňat işi üçin Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap medeniýet bölüminiň Halk teatrynyň režissýory Şöhrat Gurbanow Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgady bilen sylaglandylar.

Medeniýet we sungat işgärleri milli medeniýetimizi, halkara teatr gatnaşyklarynyň ösmegine giň şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza hoşallyklaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolmagyny arzuw etdiler.



Agamyrat BALTAÝEW

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.