Balkan welaýatynda medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. «Türkmeniň ak öýi» binasynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen giň konsert zaly ýerleşdirilen. Binanyň içki bezeglerinde ulanylan milli binagärlik sungatynyň usullary hem-de haly nagyşlary aýdyň milli öwüşgini bilen binanyň görküne görk goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň Şa gadamy bilen açylan desganyň tanyşlygy tamamlanandan soňra, şol ýerde welaýatyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.
Dabara Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeklerinde «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Toýguly Jepbarow, Altyn Goşaýewa, Amanbibi Mämmedowa, aýdymçylar Gurbandurdy Miriýew, Myrat Haladow, Röwşen Baýrammämedow, Aly Alyýew, Hemra Nuryýew, Seýitguly Tülegenow, hem-de welaýatyň «Dehistan», «Dagdan», «Kenar», «Sumbar», «Misserýan», «Bagtyýarlyk», «Hazar merjenleri» folklor-tans toparlary çykyş etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ahal-teke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy dabaranyň şatlygyna şatlyk goşdy. Dabaranyň soňunda ähli konserte gatnaşyjylar «Alkyş aýdýas Arkadaga» atly aýdymy bilelikde ýerine ýetirmegi dabarany has-da baýlaşdyrdy.
Şol gün Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.