BAÝRAMÇYLYK KONSERTI


BAÝRAMÇYLYK KONSERTI



Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyzda ählihalk tarapyndan bellenilýän baýramçylyklara bagyşlanyp dürli medeni çäreler, konsertler we edebi aýdym-sazly agşamlar yzygiderli geçirilip, olaryň gyzykly we täsirli bolmagy ugrunda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan zerur işler alnyp barylýar.

2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertde çykyş eden esasy bölegi ýigitlerimiz bolup, olar dünýäniň bezegi bolan eneler üçin ene hakda milli we nusgawy aýdymlary ýerine ýetirdiler. Halkara zenanlar baýramy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary toýa beslenen zenanlaryň ýüreklerinde şatlyklaryny artdyrdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar hem-de dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ömürleriniň uzak, döwletli işlerindäki ähli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.