«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»


«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basan ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlajak Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanalýar.
Ýakynda Aşgabat şäher häkimligi Aşgabat şäher Medeniýet müdirligi bilen bilelikde Bagyr medeniýet öýünde «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň badalgasy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirdi.
Dabara gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edendigi, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmekde ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry hasaplanylýandygy barada we onuň özenini baky Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri düzýär diýip giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň BMG tarapyndan goldanylmagy türkmen döwleti bilen Milletler Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
Dabaranyň dowamynda Garaşsyz Hemişelik Bitarap ýurdumyzy, Mähriban Arkadagymyzy wasp edýän aýdymlar we çykyşlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.