Ýelena Oreşkina «Güýz balyna» çagyrýar


Ýelena Oreşkina «Güýz balyna» çagyrýar



Şu ýylyň 14-nji oktýabrynda sagat 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde meşhur estrada aýdymçysy Ýelena Oreşkinanyň «Güýz baly» atly solo konserti geçiriler.

Hormatly aýdym-saz muşdaklary! Siz bu konserte gatnaşmak bilen onlarça ýyl mundan ozal iň gowy görýän aýdymlaryňyzy diňläp, Ýelena Oreşkinanyň zehin kämilligine göz ýetirip bilersiňiz.

Mundan başga-da, Ýelena tomaşaçylar bilen ýakyn aragatnaşykda bolup estrada aýdymlaryny ýerine ýetirmekden başga-da, bu ajaýyp sungat barada diňleýjiler bilen gyzykly maglumatlary paýlaşar.

Meşhur aýdymlar bilen bir hatarda Ý.Oreşkina öz döreden aýdymlaryny hem ýerine ýetirer. Konserte «Mähirli» şou-balet hem gatnaşýar.