BILDIRIŞ


Ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ýurdumyzyň sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerinde bilim alýan aýdym-saz sungatyna höwesli, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary sungatyň dürli ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmek hem-de ýaş sazandalaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň konsertini geçirýär.

Bu ugurda ýörite döredilen Guramaçylyk topary tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki çagalar sungat, ýörite sazçylyk we sungat ugurly orta hünär okuw mekdeplerinden ýerine ýetirijilik ukyby ýokary, notany ýüzugra okamak başarnygy kämil bolan zehinli çagalar we hor toparlary diňlenişik esasynda saýlanyp alyndy.

Konsertde 110 zehinli ýaş sazandadan ybarat Ýaşlar simfoniki orkestri, 120-ä golaý birleşen çagalar hory, körpe we ýetginjek aýdymçy-sazandalar meşhur türkmen we daşary ýurt aýdym-saz eserleri bilen çykyş ederler.

Konsert 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sagat 15:00-da geçirilýär.