Ýeňijiler öňe saýlandy
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we «Diýar» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Diýarda diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
Ýurdumyzyň gözel ýerlerini, taryhy we medeni ýadygärliklerini, paýtagtymyzyň we welaýat merkezleriniň gül görküne görk goşýan dürli maksatly binalardyr desgalaryň, medeni dynç alyş zolaklaryň çeper waspyny giň okyjylar köpçüligine ýaýmak maksady bilen «Diýarda diýaryň waspy» atly yglan edilen bäsleşikde birinji orna «Bagtymyň badalgasy» atly goşgusy bilen şahyr Aşyrmät Garlyýew, ikinji orna «Dag illeriniň waspy» atly eseri bilen Aşgabat şäheriniň 131-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulnar Gurbanmämmedowa, üçünji orna hem «Asyrlara şaýat Köpetdagym» atly makalasy bilen žurnalist Şamyrat Muhammetgurbanow dagylar mynasyp boldular.
«Diýarda diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary Sapar Ataberdiýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak bölüminiň başlygy Baýramsoltan Saparowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Sähragül Janmämmedowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikanyň amalyýeti we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Aýnabat Nazarowa çykyş etdiler.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz toparynyň aýdym-sazly çykyşlary bolsa, dabara aýratyn öwüşgin berdi.