Aşgabatda «Üstünligiň formulasy» atly konsert geçiriler


Aşgabatda «Üstünligiň formulasy» atly konsert geçiriler

2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler.

«Üstünligiň formulasy» ady bilen geçiriljek konsert agşamynda ýaş orkestriň sazandalary türkmen hem-de daşary ýurtly dünýä belli kompozitorlaryň ajaýyp saz eserlerini ýerine ýetirerler. Konserti guramaçylaryň bellemegine görä, onuň dowamynda zehinli aýdymçylaryň hem birnäçesi çykyş eder. Mundan başga-da, konserte gatnaşyjylar üçin özboluşly, garaşylmadyk sowgatlar hem bolar.

Konsert 19:00-da başlanýar. Giriş peteklerini almak üçin bolsa, +99362-53-28-71, 55-90-15 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.