Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Nury Halmämmedowa bagyşlanan konserti geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Nury Halmämmedowa bagyşlanan «Sazdaky durmuş» atly konsert agşamy geçirildi.
Konsert maksatnamasy Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetiren meşhur «Aşgabat» aýdymy bilen açyldy. Bu aýdym 60-njy ýyllardan bäri şäheriň arhiw şekillerini öz içine alýan wideo yzygiderliligi bilen utgaşdy. Aýdym Nury Halmämmedowyň sazyna, Geldi Bäşiýewiň goşgusyna döredilipdi.
Konsert sahnasynda sazy Nury Halmämmedow tarapyndan ýazylan filmleriň retrospektiwasy döredildi. Olaryň iň görnüklileriniň biri «Şükür Bagşy» filmidir. Diňleýjiler iki sazandanyň arasyndaky gyzykly bäsleşige gaýtadan janköýerlik etdiler.
Şeýle hem tomaşaçylar «Keçpelek», «Mukamyň syry», «Japbaklar» filmlerini ýatlamaga, bu filmlerden böleklere simfoniki orkestriň ýerine ýetiren sazy astynda tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.
«Aýgytly ädim» filmindäki «Aýnanyň aýdymy» we «Artygyň aýdymy» Gözel Annahanowa we Begenç Moşşyýew tarapyndan ýerine ýetirildi.
Simfoniki orkestriň, Türkmen döwlet horunyň Atageldi Garýagdyýewiň bilelikde ýerine ýetirmegindäki «Rekwiemiň» 2-nji we 3-nji bölümleri, «Serhetçiniň aýdymy» hem konsert maksatnamasyndan orun aldy.
Konsert häzirki Aşgabadyň keşbini açyp görkezýän wideoşekiller bilen görkezilen Rejep Rejepowyň «Türkmenistan» simfoniýasy bilen tamamlandy.