GALKYNYŞYŇ MILLI ÖWÜŞGINLERI


GALKYNYŞYŇ MILLI ÖWÜŞGINLERI



Hormatly Prezidentimiziň parasatly tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz bedew bady bilen täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyndaky gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Halkymyzyň baý medeni-ruhy mirasyny wagyz edýän folklor-tans toparlary ýurdumyzyň toýdur baýramlarynyň ýaraşygydyr. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň garamagynda «Galkynyş» folklor-tans toparydyr. Topar 2008-nji ýylyň aprel aýynda döredildi. Bu folklor-tans topary işe girişen gününden başlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde geçirilýän medeni çärelere işjeň gatnaşyp, täze-täze aýdymlardyr tanslar bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, üstünlikleriniň çägini barha giňeldýär.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen medeniýetini äleme ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde halkymyzyň hem-de dünýä medeniýetini äleme tanatmakda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor-tans toparynyň döredilmegine köp wagt geçmedigem bolsa, eýýäm birnäçe döwletlerde bolup, türkmeniň milli aýdym-sazlary hem-de tanslary bilen çykyş edip gelýär. Toparyň Türkiýede, ABŞ-da, Russiýa Federasiýasynda, Özbegistanda, Koreýa Respublikasynda, Ermenistanda, Ukraina ýaly birnäçe döwletlerde döredijilik saparynda bolup, türkmen milli aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýmakdaky mynasyp işleri geçirýändigini bellärliklidir.

Mundan başga-da «Galkynyş» folklor-tans topary Diýarymyzda toýlanýan her bir baýramçylyklarda, döwlet derejesinde geçirilýän konsertlerde, halkara festiwallarynda, sergilerde täze-täze aýdym-tanslary bilen halkymyza ruhy lezzet paýlaýar.

Toparyň baý repertuaryny tomaşaçylaryň, halkymyzyň gyzgyn söýgüsine eýe bolan tanslardyr aýdym-sazlaryň ençemesi düzýär. Olardan «Meňzemez», «Zor oglan», «Janymyň janasy», «Gyzlar, göteriň sandygy», «Guwanýan», «Sataşdym», «Gizlenme ýar», «Küştdepdi», «Eziz Arkadagymyň sahawatyndan», «Arkadag», «Nergiz», «Sag bol, Arkadagym, aladaň üçin», «Arkadagym diýip urýar ýürekler», «Zähmet», «Gözüm düşdi», «Zülpüň seniň», «Ýar gyrmyzy geýinipdir», «Belent başyň aman bolsun, Arkadag!», «Arkadagym bar meniň», «Amman-amman», «Ne bag duýdy — ne bagban» ýaly tans çykyşlaryny, «Söýýän seni, Watanym», «Sen-sen», «Ýarym bilen gideýin», «Saňa näme boldy», «Garja», «Bagtyhan» ýaly aýdymlary görkezse bolar.

«Galkynyş» folklor-tans topary hem hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetini, sungatyny we edebiýatyny wagyz etmek, olaryň üsti bilen ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, zehinli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky belent wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar.