ARKADAG ŞÄHERI SUNGATYŇ MEKANY


ARKADAG ŞÄHERI SUNGATYŇ MEKANY

Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň tomaşa zalynda geçirildi. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti guralyp, teatryň artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen «Sungatyň mekany» atly edebi-sazly kompozisiýa baýramçylyk maksatnamasyny açdy.

Şeýle hem halkymyzyň şöhratly taryhynyň, baý medeniýetiniň öwrenilmegini, maddy we ruhy mirasynyň wagyz edilmegini, häzirki zaman sungatynyň ösmegini, giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilmegini şertlendirýän dost-doganlyk syýasaty üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallygyň beýany bolan «Ýaşa, Arkadag, Gahryman Serdarymyz!», «Arkadag şäheri», «Arkadagym, Arkadagly Serdarym» atly aýdymlar ýerine ýetirildi. Sungat ussatlary öz hünär baýramy mynasybetli täze, ajaýyp çykyşlary taýýarlapdyrlar.

Döredijilik çäresi aýdymçylaryň we ähli dabara gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde «Gülle sen, sungatym, gül Diýarymda!» atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy. Ol ähli ildeşlerimizde eziz Watanymyza buýsanç duýgusyny döredýän ajaýyp owaza öwrüldi. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, döredijilik işi bilen meşgullanmak we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ýurdumyzda döredilen hemmetaraplaýyn şertler hem-de forumy ýokary derejede geçirmäge döreden mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk beýan edildi.