«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Şu günler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzda medeni-köpçülik çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem, il içinden täze zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmakda, ýaşlaryň kalbynda türkmen sungatyna, medeniýetine söýgi döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi üç tapgyrda-etrap, şäher tapgyry, welaýat tapgyry we jemleýji tapgyry görnüşinde geçirilýär.
Şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň etraplarynda we şäherlerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň 1-nji tapgyry geçirildi.
«Ýaňlan, Diýarim!» telebäsleşiginiň welaýatlar we Aşgabat şäher tapgyrlaryna Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanan eminler topary eminlik etdi:
Ylýasow Kerim - Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň baş direktorynyň orunbasary, Mukamlar köşgüniň direktory, Türkmenistanyň halk artisti, eminler toparynyň başlygy;
Gazakowa Dursunjemal –Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly drama teatrynyň 1-nji derejeli drama artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti, eminler toparynyň agzasy;
Orazberdiýew Suhanberdi - Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ýokary derejeli aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti, eminler toparynyň agzasy;
Berdiýew Atajan - Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti, eminler toparynyň agzasy;
Begnazarowa Läle - «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji şahamçasynyň “Altyn menzil” aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti, eminler toparynyň agzasy;
Annamämmedow Ilşat - Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti, eminler toparynyň agzasy;
Nurmämmedowa Täzegül - «Miras» teleýaradioýlymynyň «Syýasy-jemgyýetçilik» bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, eminler toparynyň agzasy
«Ýaňlan, Diýarim!» telebäsleşiginiň welaýatlar we Aşgabat şäher tapgyrlary, ýagny:
Aşgabat şäher tapgyry 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Ak şäherim-Aşgabat” monumentiniň öňünde geçirildi. Bu bäsleşige 10 sany aýdymçy gatnaşyp, iki aýdymçy döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra saýlanylyp alyndy;
- Annamämmedow Ruslan Arslanowiç – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň kömekçi toparynyň artisti;
- Hallyýew Meýlis Kerimowiç – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby;
Ahal welaýat tapgyry 2021-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde Medeniýet öýi binasynyň öňünde geçirildi. Bu bäsleşige 10 sany aýdymçy gatnaşyp, iki aýdymçy döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra saýlanylyp alyndy;
-Orazmyradow Orazmyrat Annamyradowiç – «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Maddy enjamlaýyn serişdeler we üpjünçilik müdirliginiň Tokaý hojalyk kärhanasynyň 16-njy bölüminiň sakçysy;
- Çaryýewa Mähhri Çaryýewna – Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Kiçiaga geňeşliginiňoba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi;
Balkan welaýat tapgyry 2021-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenbaşy şäheriniň aýdym-saz merkezinde (amfiteatr) geçirildi.
Bu bäsleşige 10 sany aýdymçy gatnaşyp, iki aýdymçy döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra saýlanylyp alyndy;
- Baýramdurdyýew Gurbangeldi Baýramgeldi ogly – Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň medeniýet merkeziniň baletmeýsteri;
- Kerimow Dörtguly Baýramfgeldiýewiç – Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Medeniýet bölüminiň Garadegiş oba medeniýet öýüniň akkomponiatory;
Daşoguz welaýat tapgyry 2021-nji ýylyň 10-njy iýulynda Daşoguz welaýatynyň Merkezi kitaphanasynyň öňündäki meýdançada geçirildi.
Bu bäsleşige 10 sany aýdymçy gatnaşyp, iki aýdymçy döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra saýlanylyp alyndy;
- Agaýew Batyr Bäşim ogly – Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi;
- Weýisow Kuwwat Jepbar ogly – Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi;
Lebap welaýat tapgyry 2021-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenabat şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähinde geçirildi. Bu bäsleşige 10 sany aýdymçy gatnaşyp, iki aýdymçy döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra saýlanylyp alyndy;
- Rozyýew Babajan Azadowiç – Lebap welaýatynyň Saýat etrap Medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi
- Taýyrow Alym Röwşenowiç – Lebap welaýatynyň Saýat etrap Medeniýet merkeziniň artisti.
Mary welaýat tapgyry 2021-nji ýylyň 24-nji iýulynda Mary şäheriniň “Bagtyýarlyk” seýilgähinde geçirildi, Bu bäsleşige 10 sany aýdymçy gatnaşyp, iki aýdymçy döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra saýlanylyp alyndy;
- Akmyradow Agaýusup Akmyradowiç – Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Medeniýet merkeziniň tansçysy
- Ataýewa Bägül Orazsäherdowna – Mary welaýatynyň Mary etraynyň Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşlihginiň Hojaýap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy
Bäsleşigiň 2-nji tapgyrynda ýeňiji bolan aýdymçylar 2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda döwlet derejesinde geçirilýän jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyp ýeňiji bolan ýaş höwesjeň aýdymçylar;
Aşgabat şäherinden
Hallyýew Meýlis Kerimowiç – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby;
Ahal welaýatyndan:
- Çaryýewa Mähhri Çaryýewna – Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Kiçiaga geňeşliginiňoba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi;
Balkan welaýatyndan:
- Kerimow Dörtguly Baýramfgeldiýewiç – Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Medeniýet bölüminiň Garadegiş oba medeniýet öýüniň akkomponiatory;
Daşoguz welaýatyndan:
- Weýisow Kuwwat Jepbar ogly – Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi;
Lebap welaýatyndan:
- Taýyrow Alym Röwşenowiç – Lebap welaýatynyň Saýat etrap Medeniýet merkeziniň artisti.
Mary welaýatyndan:
- Ataýewa Bägül Orazsäherdowna – Mary welaýatynyň Mary etraynyň Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşlihginiň Hojaýap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy