«Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany» ýyla bagyşlanan dabara


«Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany» ýyla bagyşlanan dabara



2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli 2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda «Arkadagyň paýhasy – Bitarap ýurduň berk binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Bu dabara ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, şeýle-de dürli edara-pudaklaryň işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda çykyş edenler «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň dürli taryhy wakalara baý bolandygyny, ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylandygyny, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň Watany» ýylynyň dowamynda hem ähli ugurlarda birnäçe işleriň meýilleşdirilendigini we olary ýerine ýetirmek üçin degişli işleriň alnyp baryljakdygyny nygtadylar. Dabaranyň dowamynda teatrlaşdyrylan kompozisiýa, aýdym-sazly çykyşlar hem tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi.