Täze ýyl mynasybetli Ahal welaýatynda baýramçylyk konserti geçiriler


Täze ýyl mynasybetli Ahal welaýatynda baýramçylyk konserti geçiriler



2023-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçiriler.

Täze ýyl baýramçylygyny şatlykly garşylamak maksady bilen geçiriljek baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň halk artistleri Sahydursun Hojakowa, Annaguly Myratdurdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurýagdy Rejepow, şeýle-de aýdymçy Baýram Nobatow dagy halk köpçüliginiň ýüreginde orun alan ajaýyp aýdymlary bilen, şeýle-de özleriniň täze döreden aýdymlary bilen çykyş ederler.

Baýramçylyk konsertleri 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.