Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar


Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar



«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň gadymy baýramy bolan Nowruz güni mynasybetli dabaralar ýurdumyzda uly şowhun-şatlyk bilen dabaraly bellendi. ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilen Nowruz baýramy paýtagtymyzda, Garagum derýasynyň toý lybasyna bezenen kenarynda baýramçylyk dabarasyna beslendi. Guralan ak öýler, olaryň ýanyndaky tapçanlar, hiňňildikler, jykyr bularyň ählisi türkmen obasyndaky toý pursatlaryny janlandyrdy. Dutarçylar we tüýdükçiler toparlarynyň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary, läle kakýan gyzlaryň owazy alyslara ýaňlandy. Bu ýerde şekillendiriş sungaty eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, şeýle-de haly we dokma senagaty, oba-hojalygy we azyk senagaty önümleriniň sergileri sergilendi. Türkmen milli göreşiniň we beýleki milli sport oýunlarynyň ýaryşlary we görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Merkezi sahnada ýurdumyzyň tanymal aýdymçy-bagşylarynyň, tans we folklor toparlarynyň gatnaşmagynda taýýarlanan baýramçylyk konserti geçirildi.

Şeýle dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Sumbar jülgesinde, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Şabat geňeşligindäki meýdançada, Lebap welaýatynyň Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsiniň ýanynda – Amyderýanyň kenarynda, Saýat etrabynyň miweli-bagçylyk meýdany, Köýtendag etrabynyň Köýten ýaýlasynda, Mary welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada hem-de Mary-Aşgabat gara ýolunyň ugrundaky Türkmen sährasynda uludan bellenildi. Ýurdumyzyň ähli etraplarydyr şäherlerinde, şäherçelerdir obalarynda hem bu baýram uly şowhuna beslendi. Nowruz güni mynasybetli geçirilen dabaralarda esasan türkmen milli däp-dessurlary bilen bagly çykyşlar ýerine ýetirildi.