«Saglygym-baş baýlygym»
Ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýünde, Ýasmansalyk medeniýet öýüniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Saglygym-baş baýlygym» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Dabarada öz saglygyny we daş-töweregindäki adamlaryň saglygyny goramak, pugtalandyrmak we raýatlaryň saglygyny goramak barada giňişleýin gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkymyz üçin, ýaş nesiller üçin edýän atalyk aladalary esasynda döredip berýän birnäçe mümkinçilikleri, ýagny sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, birnäçe şypahanalarynyň, ýaş nesillerimiziň saglygyny berkitmekleri üçin birnäçe sport toplumlarynyň, hatda ýurdumyzyň iň çetki oba-şäherlerinde hem häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp döwrüň talabyna laýyk gurlan hassahanalaryň ulanylmaga berilmegi «Döwlet adam üçindir» diýlen şygaryň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanda ilatyň bagtly ýaşamagy ugrunda döredilýän mümkinçiliklerden dogry hemde netijeli peýdalanmak her bir adam üçin möhüm ähmiýete eýedir diýip dabara gatnaşanlar aýtdylar. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik we tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmaklaryny arzuw etdiler.