Aşgabatda «Goý, ýaňlansyn Bitaraplyk aýdymy» atly baýramçylyk konsertleri geçiriler


Aşgabatda «Goý, ýaňlansyn Bitaraplyk aýdymy» atly baýramçylyk konsertleri geçiriler



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy şu ýylyň 4 — 7-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli konserwatoriýanyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Goý, ýaňlansyn Bitaraplyk aýdymy» atly baýramçylyk konsertlerini geçiriler.

«Goý, ýaňlansyn Bitaraplyk aýdymy» atly baýramçylyk konsertiniň tertibi bilen tanyş boluň!

4-nji dekabr: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti — sagat 13:00.

4-nji dekabr: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty — sagat 15:00.

6-njy dekabr: Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty — sagat 15:00.

7-nji dekabr: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry — sagat 19:00.

Konsertleriň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar, şeýle-de daşary ýurt nusgawy kompozitorlary eserleri ýaňlanar.

Simfoniki orkestriň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatow.