Mukamlar köşgünde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert geçiriler


Mukamlar köşgünde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert geçiriler



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Täze ýyl baýramy mynasybetli taýýarlan baýramçylyk konserti geçiriler.

17-nji dekabrda geçiriljek baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Rahman Hudaýberdiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri Mähri Pirgulyýewa, Söhbet Kasymow, Bahar Annaýewa, Durdy Durdyýew, Leýli Mämmedowa, dagy çykyş ederler.

Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.